Dünýäniň iň gymmat iýmitleri

Iýmit adamzat ýaşaýşy üçin esasy serişde bolup, gök-bakjadyr azyk önümleriniň köp görnüşi ähli ýerde diýen ýaly duş gelýär.Iýmit önümleriniň käbir görnüşi bolsa, belli bir sebitde öndürilmegi bilen tapawutlanyp, dünýäniň iň gymmat tagamlarynyň sanawyny emele getirýär.

Seýrek duş gelýän iýmitlere isleg ýokarlandygyça, bahasy hem artýar.Geliň, seýrek duş gelýän, üýtgeşik tagamy bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýän dünýäniň iň gymmat iýmitleri bilen tanyş bolalyň!

Wagýu eti. Dünýäde iň gymmat mal eti hasaplanýan wagýunyň meşhurlygy 2000-nji ýyllardan soň has-da artdy.Uly isleg bildirilýän wagýu eti diňe Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilýän iri şahly mallaryň ýörite tohumyndan alynýar.

Agzyňda eräp gidýär diýilýän wagýu eti diýseň tagamly bolup, düzüminde köp mukdarda ýag bar.Mal ýörite usullar bilen soýlup, ýagyrnysynyň başlanýan ýerinden gapyrga süňküniň oňurga birigýän ýerinden alynýar.

Muňa başgaça, kote de boeuf (gapyrga biftegi) hem diýilýär.

Kopi luwak. Siwetta kofesi ýa-da kopi luwak Günorta Aziýada ýaşaýan siwet pişiginiň iýmit siňdiriş ulgamyndan geçen kofe dänelerinden alynýar.Kopi luwak dünýädäki iň gymmat kofe görnüşi bolup, Ýaponiýada, Hytaýda we Koreýa Respublikasynda has köp içilýär.

Adatça tokaýda ýaşaýan siwet pişikleri bu önümi almak üçin ketekde saklanýar.Bu jandar kofeniň süýji dänelerini iýýär. Şeýlelik bilen kofeniň düzümindäki fermentler üýtgäp, başgaça tagama eýe bolýar.Kofe taýýarlanmazdan ozal, mazaly ýuwulýar, Günüň aşagynda guradylýar, gowrulýar we soňra demlenýär.

Ilkibaşdaky süýjümtik kofe däneleri ahyrynda ýiti tagamly kofä öwrülýär.

Şafran. Hoşboý ysly gülden alyndan şafran dünýädäki iň gymmat ysly iýmit hasaplanýar.Baýyrlarda, dag eteklerinde ösýän şafran ýazda we güýzde gül açýar.Bu ösümligiň gülgün reňkli gülüniň gültäjinden gyzyl murtjagazlar ösüp çykýar.

Hoşboý ysly iýmit gyzyl murtjagazlary ýolup, guradylyp ýygnamak arkaly taýýarlanýar.Juda ownuk iş hasaplanýan şafranyň 1 kilogramyny öndürmek üçin 80 müň düýp gül ýa-da 1 gektar şafranly meýdan gerek bolýar.

Trýufel. Brokkolä meňzeş gara kömelek bolan trýufel askomikota ýerasty kömelekleriň miweli bedenleridir. 100-den gowrak görnüşi bolan trýufel agaçlaryň düýbünde ösýär.Aşhananyň göwheri diýlip atlandyrylýan bu kömelekleri ýygnamak oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly möwsüminde amala aşyrylýar.

Fransuz, italýan, horwat, ispan we Ýakyn Gündogar aşhanalarynda trýufelden dürli tagamlar taýýarlanylýar.Trýufeliň ak görnüşi garasyndan has gymmat.Medenileşdirilen we ýabany ýagdaýda bitýän kömelegiň bu görnüşini doly tanamazdan iýmek maslahat berilmeýär.

Işbil. Balyk ýumurtgasy bolan işbil adatça, dünýäde iň gymmat iýmitleriň biri hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, işbiliň ähli görnüşi beýle gymmat däl. Dünýädäki iň gymmat işbil bekre balygyndan alynýar. Ak bekräniň işbili gara bekräniň işbilinden has gymmat bolup, Hazar deňziniň günortasynda ýaşaýan bekrelerden alynýar.

Ýene degişli makalalar

Ecodrink kofehanasynda güýzüň ýakymly atmosferasyna aralaşyň
Britan kofehanasynyň müşderileri gödeklik üçin iki esse töleýärler
Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg bolup çykdy
Kofe we palma ýagy ministrleri bellendi
Her bulgurda tehnologiýa: Braziliýa kofe önümçiligini döwrebaplaşdyrýar
Lukman kofeden birbada ýüz öwürmezligi maslahat berdi