Dünýäniň iň gymmat 100 brendi belli boldy

Dünýäniň iň gymmat 100 brendi belli boldy

Şu ýyl dünýäniň iň gymmat brendleri rekord derejede ösüp, olaryň umumy bahasy 7 trillion 100 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Kantar BrandZ Most Valuable Global Brands 2021” reýtinginde aýdylýar.

“Kantar” maglumat seljeriş we brend konsalting kompaniýasynyň duşenbe güni ýaýradan hasabatyna görä, “ilkinji 100”-lige girýän brendleriň umumy gymmatynyň 42% ýokarlanmagyna sanjymlaryň elýeterliligi, ykdysady goldawlar we ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň has gowy ösmek ähtimallygy ýardam berdi. “Ilkinji 100”-lige girýän brendleriň 56-sy ABŞ-nyň kompaniýalaryna degişlidir.

“Amazon” brendiniň gymmaty 64% ýokarlanyp, 684 milliard ABŞ dollaryna deň boldy we netijede ol dünýäniň iň gymmat brendi derejesini saklady. 2006-njy ýylda ilkinji gezek “BrandZ” reýtingine giren “Amazon” brendiniň gymmaty şu ýyl takmynan 268 milliard ABŞ dollary möçberinde artdy we kompaniýa dünýäde ilkinji ýarym trillion ABŞ dollarlyk brende öwrüldi.

Bu reýtinge laýyklykda “Apple” brendi 612 milliard ABŞ dollarlyk gymmaty bilen ikinjiligi eýeledi.

“Google” brendiniň gymmaty 42% ýokarlanyp, 458 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Şeýlelik bilen kompaniýa “BrandZ” reýtinginde üçünji orny eýeledi. Netijede, “Microsoft” brendi dördünji orna düşdi. Onuň gymmaty 26% artyp, 410 milliard 270 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Sanawda bäşinji orny eýelän Hytaýyň iň iri sosial media we wideo oýunlary kompaniýasy “Tencent” ýurduň iň gymmat brendi boldy. Hytaýyň “Alibaba” kompaniýasy bolsa sanawda ýedinji ýeri eýeledi. “QQ”, “WeChat”, “WeChat Pay”, “WeSing” ýaly platformalaryny öz içine alýan “Tencent” brendiniň bahasy 60% ýokarlanyp, 240 milliard 930 million ABŞ dollaryna ýetdi.

Ilkinji 10-lygyň içine “McDonald's” (bahasy 20% ösüp 154 milliard 920 million ABŞ dollaryna barabar bolan) we “Mastercard” (4% ösüp 112 milliard 880 million ABŞ dollaryna barabar bolan) brendleri hem girýär.

“Kantar” kompaniýasynyň maglumatyna görä, Hytaýyň elektron söwda ägirtleri bolan “Pinduoduo” we “Meituan”, Hytaýyň iri alkogol içgileri öndürýän “Moutai”, Hytaýyň “TikTok” we Amerikanyň “Tesla” brendleriniň bahalarynyň iki esse artdy.

2003-nji ýylda esaslandyrylan “Tesla” kompaniýasy iň çalt ösýän brend bolup, gymmaty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 275% artyp, 42 milliard 600 million ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy we netijede dünýäde iň gymmat awtoulag brendine öwrüldi.

Hytaýyň kompaniýalary “BrandZ” reýtinginde “ilkinji 100”-lige girýän brendleriň 14%-ini eýeledi. Olar on ýyl mundan öňki sanawyň 11%-ni düzýärdi. Ýewropanyň brendleri bolsa sanawyň 8%-ini eýeledi. On ýyl mundan olar sanawdaky paýy 20%-e deňdi. Sanawda 21-nji orny eýelän Fransiýanyň “Louis Vuitton” brendi Ýewropanyň iň gymmat brendi boldy.

Ýene degişli makalalar

Apple dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda birinji orny eýeledi
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Apple dünýäde iň gymmat brend diýlip yglan edildi
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
15-nji oýunçyny hem transfer etdi