Dünýäniň iň gurak hem iň suwly ýeri

Dünýäniň iň gurak ýeri Ýer ýüzüniň günorta polýusyny gaplaýan Antarktika hasaplanýar. Äpet buz gatlagy bilen örtülen hem bolsa oturymly ýaşaýjysy bolmadyk bu yklymyň köp ýerine 2 million ýyldan bäri ýagyn ýagmandygy çaklanylýar.

Bu yklyma düşýän ýyllyk ortaça ygal Sahara çölüniňki bilen deň 25 mm.Antarktikanyň 2 göterimini emele getirýän Gurak jülgeler atly böleginde bolsa, buz we gar örtügi ýok bolup, bu ýere hiç hili ýagyn ýagmaýar.

Ýer ýüzündäki ikinji gurak ýer Çilidäki Atakama çöli hasaplanýar. Bu çölüň käbir ýerine 400 ýyldan bäri hiç hili ýagyş ýagmandyr. Bu ýere ýyllyk düşýän ygalyň mukdary bary-ýogy 0,1 mm.

Antarktika dünýäniň iň gurak ýeridigine garamazdan, iň köp suwly ýeri hem hasaplanýar. Dünýädäki süýji suwuň 70 göterimi bu buzluklarda saklanýar. Şeýle hem Antarktika dünýäde iň köp ýel öwüsýän ýer hasaplanýar. Bu ýerdäki şemal sowuk howanyň Ýeriň dartyş güýji zerarly aşak çekilmeginiň netijesinde emele gelýär. Bu ýerde tizligi sagatda 320 km-e ýetýän ýel öwüsýär.

Edil Antarktikada bolşy ýaly, Çilide hem äpet buzluklar bar.And daglarynyň bu ýurtda galýan bölegindäki Brüggen buzlugynyň uzynlygy 57 kilometre ýetýär.Beýleki buzluklaryň tersine Brüggeniň meýdany 1945-nji ýyldan bäri giňeýär. 1962-nji ýylda bu buzluk Grewe atly köl bilen onuň birigýän deňziniň aralygynda bent emele getiripdir.

Bu buzluk uzynlygy 360 kilometre, ini 40-90 kilometre ýetýän Günorta Patagonýa buz platosynyň bir bölegidir.Günorta Patagonýa buz platosy Çiliniň hem-de Argentinanyň çäklerinde ýerleşýär.

Buzlar barada

täsin maglumatlar

Ummanlarda ýüzüp ýören äpet buzlar (aýsberg) gury ýerdäki buzlaryň döwülmegi netijesinde emele gelýär.

Aýsbergiň suwdan ýokardaky bölegi 200 metre, uzynlygy birnäçe kilometre barabar bolýar.

Köp bölegi buzluklar bilen örtülen Grenlandiýa adasyndan hem ýylda 10 müňden gowrak äpet buz bölegi gopup deňze aralaşýar.

Bölünen buz bölekleri howanyň ýyly bolmagy we tolkunlaryň täsiri bilen ereýär.

Aýsbergiň suwuň aşagynda galýan bölegi ýokarsyndaky bölekden 10 esse hatda has uly hem bolup bilýär.

Beýik dag gerişlerinde gyşyn-ýazyn eremeýän buz we gar gatlagy bolýar. Olaryň dag etegine has ýakyn tarapy tomsuna eräp, derýadyr çeşmeleri emele getirýär.

Dag depelerindäki buzluklar ekerançylyk, maldarçylyk üçin we gündelik durmuşda ulanylýan süýji suwy üpjün edýär.

Dag depelerinde buzuň emele gelmegi şol ýeriň haýsy geografik giňişlikde ýerleşýändigine bagly bolup durýar. Mysal üçin ekwator guşaklygynda (45°) deňiz derejesinden 4 400 m, Alp daglarynda (45°) 2500 m, Norwegiýada (60°) 1500 m belentlikde hemişelik buzluklar emele gelýär.

Ýer şarynyň günorta we demirgazyk polýuslarynda deňziň ýüzi hiç hili belentlik bolmasa hem buz gatlaklary bilen örtülendir.

The post Dünýäniň iň gurak hem iň suwly ýeri appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Antarktikada iň uly buz bölegi gopdy
Äpet buz döwüler
Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady
TRT World Forum Stambulda Geçiriler
Baýden Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
UNESCAP-nyň ýerine ýetiriji sekretary Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy