Dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň täze sanawy: onda Russiýanyň ÝOM-larynyň 48-si bar

Dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň täze sanawy: onda Russiýanyň ÝOM-larynyň 48-si bar

Quacquarelli Symonds ählumumy ylmy-barlag we maslahat beriş merkezi tarapyndan uniwersitetleriň Bütindünýä sanawy düzülip, ol ýokary okuw mekdepleriniň 1 müňden gowragyny öz içine alýar. Quacquarelli Symonds sanawy düzmek üçin 6 sany görkezijiden ugur alýar: akademiki abraýy, iş berijileriň arasyndaky abraýy, salgylanylma indeksi, talyplara we mugallymlara gatnaşygy, halkara derejeli işgärleriň we daşary ýurtly talyplaryň möçberi.

QS World University Rankings 2022 sanawyna giren ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 78-nji orny eýelän Russiýanyň okuw jaýlarynyň 48-siniň arasynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti öňdeligi eýeledi — diýip, guramaçylar РИА Новости habarlar agentligine habar berdiler.

Bellenilişi ýaly, Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň birbada 48-si sanawyň taryhyna ilkinji gezek girdi.Bu babatda Hytaý (58), Beýik Britaniýa (90), ABŞ (177) Russiýadan öňe geçdi. Şunlukda, sanawda Russiýanyň okuw jaýlarynyň arasynda Moskwa döwlet uniwersitetinden soň, Sankt-Peterburg döwlet uniwersiteti ikinji, Nowosibirsk döwlet uniwersiteti üçünji, Tomsk döwlet uniwersiteti dördünji we Moskwa döwlet tehniki uniwersiteti bolsa bäşinji orna çykdy.

Ýene degişli makalalar

IDEA+ agentligi: Belarusuň ýokary okuw mekdepleri Türkmenistandan dalaşgärleri kabul etmegini dowam edýär
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric World University Ranking ulgamynda hasaba alyndy
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Daşary ýurt diplomlary barada türkmen metbugaty ahyrsoňy dil açýar, Bilim ministrligi täze düzgüni düşündirýär