Dünýäniň iň gowy okuw mekdepleri

“University Ranking by Academic Performance” (URAP) ylmy-barlag laboratoriýasy 2019-2020-nji okuw ýylynyň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny ýaýratdy.Sanawa dünýäniň dürli ýerlerinden 2500 uniwersitet girizildi.

Sanaw taýýarlananda, halkara akademik edebiýatda ylmy makalalary çykan we ylmy işlerine salgylanylan professor-mugallymlaryň sany hem göz öňünde tutuldy.Sanawa Hytaýyň 389 uniwersiteti girizilip, ýurt birinji orny eýeledi.

Sanawda ABŞ-nyň 352 uniwersitetiniň ady tutulyp, ikinji boldy. Üçünji ýer 141 uniwersitet bilen Ýaponiýanyň paýyna düşdi.Hindistandan 137, Angliýadan 105 uniwersitet sanawa alnypdyr.Altynjy ýeri 82 uniwersitet bilen Türkiýe eýeledi.

Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Koreýa Respublikasy, Braziliýa, Ispaniýa, Kanada we Polşa ýaly ýurtlar, degişlilikde, öňdäki orunlary eýelediler.Ilkinji on okuw mekdebiniň arasynda bolsa, ABŞ-dan 5, Angliýadan 3, Kanadadan we Fransiýadan 1 uniwersitet bar.

Sanawyň ilkinji onlugyny Garward (ABŞ), Toronto (Kanada), London uniwersitet kolleji (Angliýa), Stenford uniwersiteti (ABŞ), Oksford uniwersiteti (Angliýa), Jons Hopkinsiň uniwersiteti (ABŞ), Kembrij uniwersiteti (Angliýa), Miçigan uniwersiteti (ABŞ), Waşington uniwersiteti (ABŞ) we Pariž-Sorbonna uniwersiteti (Fransiýa) düzýär.

Maglumatda soňky ýyllarda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilime has köp üns berilýändigi mälim edildi. Bu ýurtda 2011-nji ýyldaky sanawyň ilkinji ýüzlügine 4 uniwersitet girizilen bolsa, soňky sanawda 12 okuw mekdebi giripdir.

Ýene degişli makalalar

Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi
Öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi
Türkmenistan internetiň tizligini ýokarlandyrmagy we nyrhnamalaryň bahasyny arzanlatmagy meýilleşdirýär, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýne geldi, Türkmenistan Uniwersitetiň üç missiýasy halkara derejesindäki diplomlary ykrar eder
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Times Higher Education atly reýtinginde
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk