Travellers’ Choice 2022 halkara baýragynyň jemi boýunça dünýäniň iň gowy myhmanhanasy Kosta-Rikada ýerleşýän Tulemar Bungalows & Villas boldy. Iň gowy myhmanhanalaryň doly sanawy TripAdvisor onlaýn-serwisiniň saýtynda ýerleşdirildi diýip, Day.Az habar berýär.
Tulemar Bungalows & Villas şypahanasy Ýuwaş ummana çykýan görnüş bilen baýryň ýapgydynda, jeňňelde ýerleşýär. Myhmanhananyň ýerleşýän ýerinden başga-da, syýahatçylary onuň hyzmat derejesi, arassaçylygy we tebigy görnüşler özüne çekýär.
Ikinji orny Gramaduda (Braziliýa) ýerleşýän Hotel Colline de France myhmanhanasy eýeledi. Onuň myhmanlary binanyň italýan stilini has gowy görüp, ony dünýäniň iň romantiki myhmanhanalarynyň sanawynda birinji orunda goýdular. Myhmanlar onuň hyzmat edýän işgärlerini hem öwdüler.
Üçünji orny Gresiýadaky Ikos Aria myhmanhanasy eýeledi bäş ýyldyzly myhmanhana çägeli suwa düşülýän kenary, arassa deňiz we “ajaýyp ada görnüşi” bilen syýahatçylary haýrana goýýar. Bulardan başga-da, döwrebap stil bilen adaty myhmansöýerligiň utgaşmasy dynç alýanlary özüne çekdi.
Sanawda Maldiwleriň, Indoneziýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Ispaniýanyň, Tailandyň we Müsüriň hem birnäçe myhmanhanasy bar.