Portugaliýanyň Portu şäheri ýaşamak üçin amatlylygy taýdan Small Cities Index-iň sanawynda birinji orny eýeledi.Bir ýyldan soň Portu şäheri dokuzynjy orundan birinji orna çykdy.Bu, ilkinji nobatda, ýerli häkimiýetleriň telekeçilere beren kömeginiň netijesinde bolup geçdi.
Mysal üçin, sanawyň awtorlary şäher häkimliginiň we halkara dizaýn jemgyýetleriniň mebel we beýleki esbaplary öndürýän kiçi firmalara we aýry-aýry senetçilere uly goldaw berendigini bellediler.Mundan başga-da, Portu ýurduň ykdysady taýdan ösen sebitlerinden biridir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde amatly we kadaly durmuş dowam edip, ummanlaryň kenaryna aňsat barmaga ýa-da goňşy Ispaniýa baryp görmäge mümkinçilik döredilen.
Bu ýyl sanawyň ikinji ýerini Belgiýanyň Lewen şäheri eýelän bolsa, Ýaponiýanyň Itosima şäheri ilkinji üçlüge girdi. Ýewropa Bileleşiginiň şäherleriniň arasynda Italiýanyň Bolzano we Daniýanyň Olborg şäheri ilkinji onluga girdi.
Bu sanaw britan žurnaly Monocle tarapyndan düzüldi. Dünýäniň dürli künjeklerinden 250 müňe çenli ilaty bolan şäherlere şu ugurlar boýunça baha berildi: şäheriň ulag elýeterliligi (mysal üçin, syýahatçylaryň ol ýere baryp görmeginiň aňsatlygy), dolandyryş netijeliligi (şäher häkimliginiň ýaşaýjylara ýardamy), ýaşaýjylaryň ýaşyl infrastruktura gatnaşygy (şäherdäki seýilgähleriň köplügi) we telekeçiligi ösdürmek üçin mümkinçilikler nazara alyndy.
The post Dünýäniň iň gowy kiçi şäheri appeared first on Zaman Türkmenistan.