“France Football” fransuz neşiri ýylyň iň gowy oýunçysyna berilýän “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. 2021-nji ýylda bu baýraga 30 futbolçy dalaş edýär diýip, championat.com habar berýär. Sanawyň doly görnüşi şeýle:
Nikolo Barella (“Inter”), Karim Benzema (“Real”), Leonardo Bonuççi (“Ýuwentus”), Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”), Jorjo Kýellini (“Ýuwentus”), Kriştianu Ronaldu (“Mançester Ýunaýted”), Ruben Diaş (“Mançester Siti”), Janluiji Donnarumma (“PSŽ”), Brunu Fernandeş (“Mançester Ýunaýted”), Fil Foden (“Mançester Siti”), Erling Holand (Dortmundyň “Borussiýasy”), Žoržinýo (“Çelsi”), Garri Keýn (“Tottenhem Hotspur”), N’Golo Kante (“Çelsi”), Simon Kýer (“Milan”), Sesar Aspilikueta (“Çelsi”), Robert Lewandowski (“Bawariýa”), Romelu Lukaku (“Çelsi”), Riýad Marez (“Mançester Siti”), Lautaro Martines (“Inter”), Kilian Mbappe (“PSŽ”), Lionel Messi (“PSŽ”), Luka Modriç (“Real”), Žerar Moreno (“Wilýarreal”), Meýson Maunt (“Çelsi”), Neýmar (“PSŽ”), Pedri (“Barselona”), Mohamed Salah (“Liwerpul”), Rahim Sterling (“Mançester Siti”), Luis Suares (“Atletiko”).
Baýrak gowşurylyş dabarasy 29-njy noýabrda Parižde geçiriler. Geçen ýyl koronawirus pandemiýasy sebäpli “Altyn top” berilmedi.
“Altyn top” 1956-njy ýylda “France Football” tarapyndan esaslandyryldy. Häzirki wagtda baýrak sany boýunça rekord eýesi argentinaly Lionel Messi bolup, onuň hasabynda alty sany “Altyn top” bar. Portugaliýaly oýunçy Kriştianu Ronalduda şeýle baýrakdan 5-si bar.