Dünýäniň iň gowy awiakompaniýalary

Awstraliýanyň awiasiýa howpsuzlygy we reýting edarasy “AirlineRatings.com” şu ýyl iň gowy awiakompaniýalarynyň sanawyny ýaýratdy.Soňky ýyllarda pandemiýanyň täsiri bilen awiasiýa pudagy dürli kynçylyklara sezewar boldy.

Iki ýyldan gowrak wagtdan soňra ýurtlar awiagatnawlary goýlan çäklendirmeleri doly aradan aýryp ýa-da ýeňilleşdirip başlady. Şeýlelikde awiakompaniýalaryň gatnawlary hem gaýtadan dikeldildi. “AirlineRatings.com” kompaniýaysnyň sanawyndasoňky iki ýylda Kataryň milli awiakompaniýasy (“Qatar Airways”) öňdeligi eýeleýär.

Sanawyň ilkinji bäşliginde “Air New Zeland”, “Etihad Airways”, “Korean Air” we “Singapore Airlines” bar. “Qantas”, “Virgin Australia”, “EVA Air”, “Türk Havayolları” we “All Nippon Airways” kompaniýarlary ilkinji onlugy jemläpdir.

Jemi 20 kompaniýa bolan sanawda degişlilikde, “Cathay Pacific Airways”, “Virgin Atlantic”, “Japan Air Lines”, “JetBlue”, “Finnair”, “Emirates”, “Hawaiian”, “Air France/KLM”, “Alaska Airlines” we “British Airways” bar.

Ýene degişli makalalar

26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
ABŞ-da Ýolagçy Uçar Bilen Harby Dikuçar Kakyşdy
Turkish Airlines uçuşlarynyň gerimi boýunça dünýä rekordyny goýdy
Ýeňillik bilen syýahat ediň: Turkish Airlines goşundysyny ýükläp alyň
Turkish Airlines-iň Aşgabatdaky satuw ofisi biletleri satyn almaga çagyrýar
“Turkish Airlines” Aşgabat-Stambul-Aşgabat uçuşlary üçin petekleriň bahasyny arzanladýar