Dünýäniň iň gowy 50 myhmanhanasy

“William Reed” kompaniýasy “The World’s 50 Best Restaurants” web saýtynda 2024-nji ýylda dünýäniň iň oňat 50 myhmanhanasynyň sanawyny mälim etdi. Netijede, žurnalistlerden, otelýerlerden we syýahatçylyk bilermenlerinden ybarat 600 sany hünärmeniň ses bermegi esasynda iň gowy 50 myhmanhana öňe saýlandy. Ses berişligiň netijeleri Londonda geçirilen dabarada mälim edildi.

Bu ýylky sanawda Beýik Britaniýa, Tailand, Meksika, Braziliýa, Awstraliýa, Günorta Amerika, Marokko, Ispaniýa, ABŞ, Şri-Lanka, Hindistan, Oman, Fiji we beýleki ýurtlaryň myhmanhanalary bar.

Tailanddaky “Capella Bangkok” myhmanhanasy birinji orny eýeledi. Ol 2023-nji ýylyň sanawyndaky 11-nji orundan ep-esli ýokary galdy. Bu myhmanhanada bäş restoran, şol sanda Mişeliniň ýyldyzy bilen sylaglanan şef-aşpez Mauro Kolagreko, şeýle hem derýa kenarynda hususy basseýnleri bolan 7 willa bar.

Sanawda ikinji orny Italiýanyň Komo kölüniň kenarynda ýerleşýän “Passalacqua” myhmanhanasy eýeledi. Bu myhmanhana geçen ýyl sanawda birinji orny eýeläpdi. “Rosewood Hong Kong” üçünji orny eýeledi.

Ilkinji bäşligi Parižiň “Cheval Blanc” we Gonkongyň “The Upper House” myhmanhanalary jemledi. Şeýle-de, ilkinji onlukda Maldiwlerdäki “Raffles Singapore”, “Aman Tokyo”, “Soneva Fushi myhmanhanalary, Dubaýdaky “Atlantis The Royal” myhmanhanasy we Indoneziýanyň Sumba adasyndaky “Nihi Sumba” myhmanhanasy bar.

“The World’s 50 Best Restaurants” web saýty myhmanhanalaryň sanawyny eýýäm ikinji gezek neşir edýär. Şeýle hem web saýt özüniň dünýäniň iň gowy restoranlarynyň we barlarynyň sanawlary bilen tanalýar.

Ýene degişli makalalar

London öňdeligi eýeledi
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
“Liwerpul”, PSŽ hem-de “Ýuwentus” säwliksiz barýar
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn