Andre ady bilen giňden tanalýan dünýäniň iň garry ýaşaýjysy, fransuz zenany Lýusil Rendon 118 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň web saýtynda habar berilýär.
1904-nji ýylyň 11-nji fewralynda Fransiýanyň günortasynda doglan Andre 119 ýaşynyň dolmagyna 25 gün galanda aradan çykdy. Ol geçen ýylyň aprelinde 118 ýaşy dolup, 73 gün bolanda dünýäniň iň garry ýaşaýjysy diýlip ykrar edildi. Ol dokuz aý bu derejä eýe bolup gelýärdi. Mundan ozal dünýäniň iň garry adamy 119 ýaşynda dünýäsini täzelän ýaponiýaly zenan Kane Tanaka hasaplanýardy.
Ginnesiň rekordlar kitabynda web saýtyndaky beýanata görä, fransiýaly Luiza Kalman (1875-1997) 122 ýaşap dünýäden ötdi. Erkekleriň arasynda has uzak ýaşan ýaponiýaly Dziroemon Kimura (1897-2013) 116 ýaşady.