2-nji ýanwarda dünýäniň iň garry ýaşaýjysy hasaplanýan ýapon zenany Kane Tanaka 118 ýaşyny belledi.Ol 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda dünýä indi.Uzak ömürli bu zenan 2018-nji ýyldan bäri Ýer togalagynyň iň garry ýaşaýjysy diýen ady göterýär. Ýapon metbugaty mundan ozal Kane Tanakanyň 2021-nji ýylyň maý aýynda Tokioda geçirilmeli Olimpiýa oýunlarynyň estafetasyna gatnaşýandygyny habar beripdi.
Onuň maýyplaryň arabasynda alaw bilen 200 metr ýol geçmegi meýilleşdirilýärdi.
Ginnesiň rekordlar kitabynda bellenmegine görä, häzirki wagtda uzak ýaşamak boýunça absalýut rekord 1997-nji ýylyň awgust aýynda aradan çykan fransuz zenany Žanna Kalmana degişli bolup, ol 122 ýyl 164 gün ömür sürdi. Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrliginiň habaryna görä, ýurtda 100 ýaşdan uly adamlaryň sany 80 müňden geçip, olaryň 88 göterimi zenanlardyr.
The post Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy 118 ýaşady appeared first on Zaman Türkmenistan.