Dünýäniň iň garry adamy 

Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäniň iň garry erkek kişisi diýlip, ykrar edildi.Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri mälim etdi.Huan Winsente Mora, 1909-njy ýylyň 27-nji maýynda on çagaly maşgalada dünýä indi.

Mora köp ýyllap fermer bolup işlänsoň, 104 ýaşynda iň soňky ýerini satdy. 1937-nji ýylda öýlenen Moranyň aýaly 1997-nji ýylda aradan çykdy.Onuň 11 çagasy, 41 agtygy, 18 çowlugy we 12 ýuwlygy bar.

Uzak ýaşly adam bu derejä 113 ýaşa girmezden birnäçe gün öň eýe boldy.

Her güni bir çaşka kofe bilen başlaýan bu erkek kişi “Hudaýa bolan söýgini, maşgala mukaddesligini we ir turmagy ileri tutýandygyny aýtdy.

Ispaniýaly Saturnino de la Fuente Garsiýa şu ýylyň 18-nji ýanwarynda 112 ýaşynyň içinde aradan çykandan soň Huan Winsente Mora rekord eýesi diýlip yglan edildi.

Maý aýynyň başynda Italiýanyň iň garry ýaşaýjysy Anžela Tiraboski aradan çykdy. Ol 112 ýaşyndady. Italiýaly zenan Piero, Roberto, Mariýa we Lýusiana atly perzentleri bolup, olaryň hemmesi 70 ýaşdan 85 ýaş aralygynda. Tiraboskiniň bir agtygy we iki çowlugy hem bar. Bu zenan “durmuşa gülüp bakmagyň we öňe garamagyň” uzak ýaşamagyň esasy syrydygyny belläpdi.

Ýene degişli makalalar

Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry erkek adam diýip ykrar edildi
Dünýäniň Iň Ýaşuly Adamy 113 Ýaşynda
Emeli intellektiň geljekde gözegçilik astynda saklanyp-saklanmajakdygy näbelli bolmagynda galýar
110 ýaşly erkek kişi uzak ýaşamagynyň syryny açdy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Türkmenistanyň Prezidenti “Arkadag” medaly bilen sylaglanyldy