Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg bolup çykdy

Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg bolup çykdy

Öň, dünýäniň iň demirgazyk gury ýer bölegi hasaplanan Arktikadaky "Arwah ada" aýsberg bolup çykdy. Ony bir ýyl mundan ozal Grenlandiýanyň demirgazyk kenarynda grenlandiýaly, daniýaly we şweýsariýaly gözlegçileriň topary açypdy. Bu barada MIR24 habar berýär.

Ada Qeqertaq Avannarleq diýlip atlandyryldy, bu ýerli dilde "iň demirgazyk ada" diýmegi aňladýar.Onuň ölçegi, takmynan, 30×60 metr. 2022-nji ýylda sebite täze ekspedisiýa ugrady.Oňa gatnaşyjylar GPS maglumatlaryny ýygnap, buzuň galyňlygyny we deňziň çuňlugyny kesgitlemek üçin lazer skanerini peýdalandylar.

Gözleg adanyň, aslynda, deňziň düýbünde batyp galan uly aýsbergdigini görkezdi. Ähtimal, bir wagtlar ol buzlugyň bir bölegi bolmaly.Aýsbergiň üsti tekiz bolup, hakykatdan-da, ýer we daşlar bilen örtülendir. Ýöne bu diňe, ähtimal, süýşgüniň netijesinde ýüze çykan ýukajyk üstki gatlakdyr.

Gözlegiň netijeleri alymlara "arwah adalary" hadysasyna has gowy düşünmäge kömek etdi. Öňki ýyllarda Morris-Jessup burnundan demirgazykda birnäçe ada bellige alnypdy. Ýöne belli bir wagtdan soň olar nam-nyşansyz ýitýärdiler, şol sebäpli-de olara “arwah adalar” diýlip at berildi.

Alymlar bu adalaryň hem birnäçe ýyllap durnukly ýagdaýyny saklan aýsbergler bolup biljekdigini bellediler.Häzirki wagtda tassyklanan iň demirgazyk gury ýer bölegi Inuit Qeqertaat adasy ýa-da Kofe klubunyň adasy hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Müsüriň kenar ýakasynda 31 jahankeşdeli gämi gark boldy
Indoneziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar
La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler
Türkmen talyby Daşkentde halkara sylaga mynasyp boldy