Häzirki wagtda belli bir tizlik bilen çäklenmän, ýyldyrym çaltlygynda hereket edýän liftler bar. Ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylýan liftler rahatlyk, daşky görnüş we içki bezeg taýdan tapawutlanýar. Şeýle hem liftde barýan adamlaryň asudalygyna, rahat gitmegine hem-de çalt barmagyna uly ähmiýet berilýär.
Dünýädäki iň çalt hereket edýän liftler baradaky maglumatlary size ýetirýäris.Jin Mao diňi (Hytaý)Hytaýyň Şanhaý şäherindäki 88 gatly Jin Mao diňindäki ýolagçy liftleri dünýädäki iň çalt hereket edýän liftleriň sanawynda görkezilýär.
Liftiň tizligi minutda 546 metre ýetip, bary-ýogy 46 sekuntda adamlary iň ýokarky gatyna 421 metr beýiklige eltip bilýär.Jon Hankok işewürlik merkezi (ABŞ)Dünýädäki çalt hereket edýän liftleriň ýene biri Amerikanyň Çikago şäherindäki Jon Hankok işewürlik merkezinde ýerleşýär.
Liftiň ýokary galyş tizligi minutda 549 metre ýetýär.Bu bolsa merkeziň soňky gatyna bary-ýogy 38 sekuntda çykmaga mümkinçilik berýär.Bina 100 gatdan ybarat bolup, beýikligi 344 metre barabardyr.Taipei 101 köpugurly merkez (Taýwan)Taýwanyň Taipei 101 gökdiräninde sagatda 60,6 kilometr tizlik bilen hereket edýän dünýäniň iň çalt hereket edýän liftleri ýerleşýär.
Liftiň tizligi minutda 1010 metr bolup, bary-ýogy 30 sekuntda ýolagçylaryň 509 metr belentlige çykmagyna mümkinçilik berýär.Bina 101 gatdan ybarat bolup, aşaky gatlarda söwda merkezleri, ýokarky gatlarda bolsa ofisler ýerleşýär.Ýeri gelende belläp geçsek, dünýädäki iň beýik lift Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki Burj Halifa gökdiräninde ýerleşýär.
Beýikligi 828 metr bolan, 163 gatly bu bina dünýäniň iň beýik köp gatly binasy hasaplanýar.Binada 57 sany lift bar.Gökdiräniň ýaşaýjylary we gelýän myhmanlar 10 m/s tizlikde hereket edýän liftler arkaly binanyň islendik gatyna baryp bilýärler.
Bu binadaky liftler diňe tizligi bilen tapawutlanman, iň beýik nokada galyp bilýändigi, sazlaşykly işleýändigi bilen hem ünsi özüne çekýär.