Dünýäniň iň belent binasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirildi

Dünýäniň iň belent binasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirildi

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dünýäniň iň belent binasy bolan Burj-Halifada ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekilini bermek arkaly gutlady.

Şol gün bu ýere gelen ýüzlerçe syýahatçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirilen binanyň öňünde surata düşdüler.

Birleşen Arap Emirliklerinde bu däbe üç ýyldan bäri eýerilýändigini ýatladýarys.

Burj-Halifa binasy Dubaý şäherinde ýerleşýär. Onuň beýikligi 828 metre ýetýär. Bina 163 gatdan ybaratdyr. Bina 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda açyldy. Onda myhmanhana, ýaşaýyş jaýlary we söwda merkezleri bar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä 2025-nji ýyla "Hoş geldiň" diýdi
Gurluşygy gaýtadan dikeldildi
Türkmenistan ata mekan Garaşsyz
Dünýäniň iň çalt hereket edýän liftleri
Tebigat döredijiligiň ylham çeşmesi
“Terrorçylaryň Hinlerini Derbi-Dagyn Edýäris”
Aşgabatdan Kazana we Dubaýa dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde Soňky jaň dabarasy geçirildi, Awaza üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmegiň düzgünleri we beýleki habarlar