Kriptowalýuta bazarynyň pese gaçyp başlanyndan bäri üç aýyň dowamynda emlägini sanly walýutada gazanan iň baý 11 milliarder 61,4 mlrd dollar ýitirdi diýip, “Forbes” amerikan žurnaly hasaplady. Olardan dördüsi öz statusyny ýitirdi. Bu barada lenta.ru belleýär.
2022-nji ýylyň iýun aýynda dünýäniň iň baý kriptomilliarderleriniň sanawynda birinji orny FTX kriptobiržasyny esaslandyryjylaryň biri Sem Benkman-Frid eýeledi, onuň baýlygy mart aýyndan bäri 4 mlrd dollar azalyp, 20 mlrd dollara ýetdi.
Ol 46,3 mlrd dollar ýitiren Binance biržasyny esaslandyryjy Çanpen Çžaodan öňe geçdi, häzir Çžaonyň baýlygy 18,7 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.Telekeçileriň kriptobazaryň pese gaçmagy bilen uly mukdary ýitirendiklerine garamazdan, olaryň käbiri henizem kriptowalýutanyň geljegine ynanýar. Ýedi kriptomilliarderden reýtingde iň soňky orny eýelän wençura maýadary Tim Dreýper bitkoiniň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýa-da 2023-nji ýylyň başyna çenli 250 müň dollara ýetjekdigini belleýär. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda bitkoiniň bahasy, takmynan, 41 müň dollardy, häzir ol 20 müň dollara deň.
Bazaryň pese gaçmagyndan dünýäniň iň baý adamlary hem zyýan çekdi.Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask, Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos we Microsoft-y esaslandyryjy Bill Geýts 2022-nji ýylyň başyndan bäri 115 mlrd dollar ýitirdi (24-nji iýuna çenli ýagdaýa görä).
Milliarderler reýtingde, degişlilikde, birinji, ikinji we dördünji orunlary eýeleýärler.