Dünýäniň iň baý aýaly

ABŞ-nyň elektron söwda kompaniýasy bolan “Amazon”-da paýnamalary bolan, dürli kitaplaryň awtory MakKenzi Skott “L’Oreal SA” kompaniýasynyň miräsdüşeri Fransuaza Betankur Maýersden ozduryp, dünýäniň iň baý zenany boldy. “Amazon” kompaniýasynyň paýnamalarynyň artmagy bilen onuň baýlygy 66,4 milliard dollara ýetdi.

Skott “Amazon.com Inc.” kompaniýasynyň 4 göterim paýnamasyna eýeçilik edýär.Onuň 2006-njy ýylda ýazan “The Testing of Luther Albert” atly kitaby Amerikaly kitap baýragyna mynasyp bolupdy. 50 ýaşly ýazyjy haýyr-sahawat gaznalaryna goldaw bermegi bilen tanalýar. Şu wagta çenli ol haýyr-sahawat guramalaryna 1,7 milliard dollar berdi.

Ýene degişli makalalar

"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Fransua Baýru Fransiýanyň täze Premýer-ministri boldy
Kanadada Huawei we ZTE kompaniýalarynyň önümlerini ulanmak gadagan edildi
Ikinji möhlet üçin kasam kabul etdi
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Hemmelere elýeterli ulag bolar