Dünýäniň iň baý işewürleriniň baýlygy 2020-nji ýylda 1,9 trillion dollar artdy diýip, Sputnik gullugy habar berýär.
Dekabr aýynyň başynda olaryň bilelikdäki kapitaly, takmynan, 11,4 trillion dollara barabar bolup, 2019-njy ýyldakydan 20 göterim köpeldi.Neşiriň hasaplamalaryna görä, olardan 2020-nji ýylda iň çalt baýany 400 sany hytaýly milliarder boldy: bular baýlygyny bir ýylda 60% - iki trillion dollara çenli artdyrdy.
ABŞ-ly 600 milliarderiň kapitaly 560 milliard artyp, dört trilliona ýetdi. “Tesla” we “SpaceX” -iň ýolbaşçysy Ilon Mask has köp - birbada 110 milliard dollar baýady (jemi 137 milliard töweregi). 2020-nji ýylda üçünji uly girdeji fransuz baýlaryna degişlidir: 40 milliarderiň baýlygy 95 milliard artyp, 500 milliard dollara ýetdi.
Kapitalyň artmagynyň 50%-den gowragyny "L'Oreal"-yň şärikdeş eýesi Fransua Bettankur-Meýers hem-de "Lui Wuitton Moe Hennessiniň" prezidenti Bernard Arno üpjün etdi.