Tesla-nyň we SpaceX-iň eýesi Ilon Mask, Amazon-y esaslandyryjy Jeff Bezos we Microsoft-y dörediji Bill Geýts ýaly dünýäniň iň baý adamlary 2022-nji ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitirdiler. Şunuň ýaly kesgitlemäni Bloomberg agentligi öz sanawynda görkezýär diýip, Trend habar berýär.
29-njy maýda Maskyň baýlygy 224 milliard dollar, Bezosyňky 139 milliard dollar, Geýtsiňki hem 23 milliard dollar diýip kesgitlenildi.Milliarderler degişlilikde sanawyň birinji, ikinji we dördünji setirini eýeleýärler. Üçünji ýeri 133 milliard dollarlyk baýlygy bilen Louis Vuitton Moёt Hennessy Arno eýeledi.
Soňky bäş aýyň dowamynda Tesla-nyň we SpaceX-iň eýesi 46,4 milliard dollar, Microsoft-y esaslandyryjy 15,1 milliard dollar, Bernar Arno bolsa 44,7 milliard dollar ýitirdi.
Iň köp ýitgini Amazon-y dörediji çekdi, onuňky 53,2 milliard dollara barabar boldy.Baýlaryň birinji bäşligine girýänleriň içinde diňe Berkshire Hathaway-iň baş direktory Uorren Baffatte kapitalyny artdyrmak başartdy, onuň baýlygy 6,54 milliard dollar bolanlygyndan 115 milliard dollara ýetdi.