Dünýäniň iň bagtly şäherleri

Her ýyl taýýarlanýan Bagtly şäherler indeksiniň täze sanawy ýaýradyldy.Sanawy Angliýanyň Ýaşaýşyň hili instituty taýýarlaýar.Bilermenler sanawy taýýarlanlarynda şäheriň ýaşaýjylarynyň daşky gurşaw, jemgyýetçilik ulagy, ýerli ykdysadyýet, ýerli öz-özüni dolandyryş we ýaşaýşyň umumy hili ýaly ugurlara baha berýärler.

Sanaw ýaşaýjylaryň bu ugurdaky sowallara beren jogaplarynyň netijesinde taýýarlanypdyr.Sanawa jemi 250 şäher girizilip, birinji orny Daniýanyň Aarhus şäheri eýeledi.Sanawyň ýokarky basgançaklaryny Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryndaky şäherler eýeleýär. Şweýsariýanyň Sýurih şäheri ikinji, Germaniýanyň Berlin şäheri üçünji bolupdyr.

Gýoteborg (Şwesiýa), Amsterdam (Niderlandlar), Helsinki (Finlýandiýa), Bristol (Angliýa), Kopengagen (Daniýa), Ženewa (Şweýsariýa) we Mýunhen (Germaniýa) ilkinji onluga girdi.

Merjen GURBANKULOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistri.

Ýene degişli makalalar

6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gülgüne älemgoşar
Kubok ýaryşlary
Serhio Pitol
Howanyň hapalanmagyna garşy göreş
Dünýä habarlary gysga setirlerde