Dünýänin Ilatynyň 85 Göterimi Howanyň Üýtgemeginden Zyýan Çekdi

Dünýänin Ilatynyň 85 Göterimi Howanyň Üýtgemeginden Zyýan Çekdi

Britaniýada çap edilýän “Nature Klimat Çenj” žurnalynda neşir edilen ylmy barlagyň netijesine göra, alymlar global ýylylyga bagly wakalar hakyndaky 100 müňden gowrak ylmy işi derňedi.

Analizi, fosil ýangyç ulanmak we beýleki uglerod zyňylymy sebäpli emele gelýän ýylylyk hem-de ygallaryň çalyşmagy hakyndaky görkezijiler bilen deňeşdiren alymlar, aşa howa wakalary bilen adamlaryň hereketleriniň arasynda düýpli arabaglanşygyň bardygyny kesgitledi.

Hasylyň gytlygy, sil, ýylylyk tolkunlary ýaly wakalar boýunça geçirilen ulgamlaýyn barlaglar bilen global ýylylygyň gury ýeriň 85 göterimine zyýan tasir ýetirendigini ýüze çykardy.

Habarnamada howanyň üýtgemeginin ABŞ-dan Günorta Sudana çenli tas ähli ýerde görülip, duýulýandygy nygtalýar.

Ylmy barlagyň 31-nji oktýabr bilen 12-nji noýabryň aralygynda Şotlandiýanyň Glasgow şäherinde döwlet ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy eýeçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek BMG-nin Howanyň üýtgemegi hakynda Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy maslahatyndan ozal çap edilmegi ünsleri çekdi.

Ýene degişli makalalar

Alymlar uçýan robot-garga döretdiler
Äpet buz döwüler
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler
Tueýts buzlugy öz ýerinden gozganar
Arktiki köller guraýar
Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar
Emeli intellekt fizikanyň alternatiw kanunlaryny hödürleýär