Dünýäniň ilaty 8 milliard adamdan geçdi

Dünýäniň ilaty 8 milliard adamdan geçdi

BMG tarapyndan berilen maglumata görä dünýäniň ilaty 1999-njy ýylda 6 milliarda, 2011-nji ýylda 7 milliarda, 2022-nji ýylda 8 milliarda ýetdi.

BMG-nyň Ilat gaznasy (UNFPA) "2023 Dünýä ilatynyň ýagdaýy habarnamasyna" görä dünýäniň ilaty 8 milliard adamdan geçdi.

Habarnama görä dünýäniň iň köp ilatly ýurdy 1 milliard 428 million 600 müň ilaty bilen Hindistan boldy.

Hindistandan soň 1 milliard 425 million 700 müň bilen Hytaý we 340 million adamlyk ilaty bilen ABŞ gelýär.

Habarnamada adamyň ortaça ömri göz öňüne tutulanda erkekleriň ortaça ömri 71 ýaş, zenanlaryň ortaça ömri bolsa 76 ýaşdygy habar berildi.

UNFPA tarapyndan berilen maglumata görä dünýä ilatynyň köpelmegi 8 ýurtda jemlenjekdigi çak edilýär. Şol ýurtlaryň Demokratik Kongo Respublikasy, Müsür, Efiopiýa, Hindistan, Nigeriýa, Pakistan, Filippinler we Tanzaniýa ýaly döwletlerden ybarat boljakdygy aýdylýar.

Türkiyäniň Statistika gullugy tarapyndan berilen habarnama görä Türkiye 85 million 279 müň 553 adamlyk ilaty bilen 194 ýurduň arasynda 18-nji orunda durýar.

Ýene degişli makalalar

Hindistan Dünýäniň Iň Köp Ilatly Ýurdy Bolar
Dünýä ilaty artýar, çaga dogluşy azalýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň ilat statistikasy tejribesini öwrenýär
Ilatynyň sany barada 15 ýyl dymýan Türkmenistan nobatdaky ilat ýazuwyny geçirdi
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy
Ilat ýazuwynyň geçirilişinde bidüzgünçilikler ýüze çykýar