Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar

Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şu ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk işleri dowam edýär.

Häzirki wagtda dünýäniň 20 ýurdundan 150-den gowrak wekiliýet OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşýandygyny tassyklady. Çäräniň dowamynda iri energetika kompaniýalaryna we guramalaryna wekilçilik edýän abraýly resmiler çykyş ederler.Halkara maslahatda çykyş etjek resmileriň arasynda SPE-iň (nebitçi inženerleriň jemgyýeti) Prezidenti Medhat M.

Kamal, “Baker Hughes” kompaniýasynyň Russiýa we GDA boýunça edarasynyň Prezidenti Ýelena Akolsewa, “GHGSat” kompaniýasynyň Prezidenti Stefan Jermeýn, “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktory Ali Raşid Al Jarwan, CNPC kompaniýasynyň baş direktory Çen Huaýlun, ADNOC kompaniýasynyň wise-prezidenti Jasper Peýjs we beýleki halkara guramalaryň we energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bardyr.

Şeýle hem Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň (OPEC) nebit barlaglary bölüminiň ýolbaşçysy Behruz Baýkalizade we BMG-niň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti maslahatyň umumy mejlisine gatnaşýandyklaryny tassykladylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklaryny öz içine alýan täze maýa goýum taslamalary hödürlener.Bu taslamalar Türkmenistandaky ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlarynyň özleşdirilmegini, TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurlşygyny, känlerde nebitiň we gazyň çykarylyşyny döwrebaplaşdyrylmagyny, Hazaryň türkmen kenaryndaky känleriň özleşdirilmegini, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýany öz içine alýar.

Esasan hem, uglewodorody çykarmagyň we metanyň zyňyndylaryny azaltmagyň daşky gurşaw taraplaryna aýratyn üns berler.

Maslahatyň çäginde 60-dan gowrak nebit-gaz we hyzmat beriji kompaniýalaryň gatnaşmagynda halkara sergi gurnalar. “Dragon Oil”, CNPC, “Petronas”, PEL, “Honhua”, “Rosen Group”, “Sumitomo”, “Yug-Neftegaz”, “Tatneft”, ENI, “Rönesans”, “Schlumberger”, Transneft”, “Interpaýp”, KAMAZ ýaly birnäçe kompaniýalar OGT-2023 halkara maslahatynyň çäginde geçiriljek sergä gatnaşarlar.

Şu ýyl geçiriljek “OGT-2023 EXPO” sergisinde aýratyn meýdança döredilip, onda kompaniýalar öz önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyryp bilerler. Sergi meýdançasynda geçiriljek çykyşlar geljekki hyzmatdaşlaryň täze maýa goýum taslamalary barada habardarlyk derejesini ýokarlandyrar hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder.

“Dragon Oil”, CNPC, “PEL Limited”, “Baker Hughes”, “Yug-Neftegaz”, “Hyundai Engineering”, “Mitro International”, ENI we “Schlumberger” kompaniýalary Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara maslahatyna hemaýatkärlik ederler.

Guramaçylaryň çaklamagyna görä, şu ýyl OGT-2023 halkara maslahatyna we sergisine geçen maslahata garanyňda has köp öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalarynyň, guramalaryň we öňdebaryjy dünýä maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.Maslahatyň dowamynda olar öz tejribelerini paýlaşyp, Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebitleýin we global tendensiýalary ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem maslahatyň çäginde Türkmenistanyň nebit-gaz, bank, himiýa we energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklar gurnalar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” atly halkara maslahat adaty we onlaýn görnüşde geçiriler. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alyş 2023-nji ýylyň 16-njy oktýabryna çenli dowam eder. Maslahaty guramaçylar hasaba alnan ähli wekilýete wiza goldawyny bererler.

Maslahata gatnaşmagyň şertleri barada has giňişleýin maglumatlar bilen çäräniň web sahypasynda tanşyp bilersiňiz www.ogt-turkmenistan.com.

Ýene degişli makalalar

OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
Schlumberger — Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri
SLB Türkmenistanyň nebiti we gazy halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2024) bürünç hyzmatdaşy boldy
SOCAR “OGT 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy
“Baker Hughes” amerikan kompaniýasy OGT-2023 forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
Bilermenler dünýä energetikasynda Türkmenistanyň ornunyň pugtalanjakdygyny aýdýarlar