Katar 2022-de 1/8 final duşuşygynda Ýaponiýa bilen Horwatiýa duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynyň ahyrynda (43) ýaponlar Daizen Maedanyň goly bilen 1-0 öňe saýlandy.
Oýnuň 55-nji minutynda-da Iwan Perişiç hasaby deňledi.
Bu onuň Dünýä Kubogyndaky 6-njy goly bolup, ol Dawor Şuker bilen deňleşdi.Galyberse-de, uly ýaryşlardaky 10-njy goluny geçiren Perişiç bu ugurda Şukerden öňe saýlandy.Duşuşygyň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlandy.
Goşmaça berlen 30 minutda-da hasap üýtgemedi.Netijede, ýeňiji penalti urgulary kesgitlemeli edildi.Bu çempionatda ilkinji gezek bir duşuşygyň ýeňijisini penalti urgulary kesgitläp, Ýaponiýadan Minamino we Mitomanyň urgularyny derwezeçi Liwakowiç saklamagy başardy.
Horwatlar bolsa Wlaşiç hem-de Brozowiçiň takyk urgulary bilen 2-0 öňe saýlandy. 3-nji urgularda ýaponiýaly Asanonyň urgusy derwezä girdi.Munuň tersine horwatlardan Liwaýanyň urgusy sütünden yzyna gaýtdy. 4-nji urgularda-da ýaponlaryň kapitany Ýoşidanyň urgusyny ýene-de derwezeçi saklady.
Paşaliçiň urgusy dürs boldy we 3-1 öňe saýlanan Horwatiýa edil Russiýa 2018-däki ýaly ýene-de penaltileriň netijesinde çärýek finala adyny ýazdyrdy. 3-nji gezek çärýek finala çykan Horwatiýanyň derwezeçisi Liwakowiç portugaliýaly Rikardo (2006) hem-de watandaşy Daniel Subaşiçden (2018) soň 3 penalti saklan 3-nji derwezeçi boldy.
Toparçada Dünýäniň 2 çempionyny, 4 kubogyň eýesi Germaniýany, soňra 1 gezek çempion bolan Ispaniýany 2-1 hasaplar bilen ýeňen Ýaponiýa wise-çempion Horwatiýadan üstün çykmak başartmady. Taryhynda bassyr 2-nji, umumylykda-da 4-nji gezek 1/8 finala çykan Ýaponiýa ýene bir ýola çärýek finalyň bosagasyndan gaýtdy.