Dünýäniň çar tarapyndan Türkiyä goldawlar gelmäge dowam edýär

Dünýäniň çar tarapyndan Türkiyä goldawlar gelmäge dowam edýär

Owganystanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň, ýer titremede zyýan çeken adamlara goldaw bermek maksady bilen 4 million 500 müň afgani (takmynan 940 müň türk lirasy) nagt pul kömegini berdi.

Talibanyň wagtlaýyn hökümedine degişli Owganystanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Mewlewi Metiullah Halis, ýer titremelerde ýogalan adamlar üçin Türkiýäniň Kabul şäherindäki ilçihanasyna baryp, gynanç bildirdi.

Ol ýerde döredilen gynanç ýüzlenme depderine duýgudaşlyk bildirip hat ýazan Halis, ýer titremede ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa gyssagly şypa diledi.

Halis, Türkiyäniň ynsanperwer kömekleri bilen iň kyn günlerinde owgan halkynyň ýanynda bolandygyny belläp, Türkiýede ýer titremede zyýan çeken adamlara ugradylmak maksady bilen takmynan 940 müň türk lira gymmadynda nagt pul kömegini Türkiyäniň Kabul şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jihad Erginaýa gowşurdy.

Ady agzalan kömek üçin Owganystanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine minnetdarlyk bildiren Jihad Erginaý, iki ýurduň taryhyň dowamynda kyn wagtlarynda biri-birlerini goldandygyny beýan etdi.

Eýran ýer titremeleriň täsir ýetiren sebitlerde gurulmak maksady bilen Türkiyä 1000 çadyr ugratdy.

Ysraýylyň gabawy astyndaky Gazada, Türkiyedäki we Siriýadaky ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin gan tabşyrylyp raýdaşlyk çäresi geçirildi.

Gazada iş alyp barýan raýat jemgyýetçilik guramalary "Ýetimler üçin umyt instituty jemgyýeti", "Bir beden" temasy bilen Türkiyedäki we Siriýadaky ýer titremelere zyýan çeken adamlar üçin bir gün möhlet bilen gan tabşyrmak çäresi geçirildi.

Afrika ýurtlary bolan Somali, Sudan we Jibuti ýaly döwletlerden "Asyryň Betbagtçylygy" hökmünde häsýetlendirilen güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriň täsir ýetiren sebitlere goldaw ýüzlenmeleri we maddy taýdan goldawlar berilmäge dowam edilýär.

Saud Arabystanynda bolsa Türkiyedäki we Siriýadaky ýer titremelerde zyýan çeken adamlara bagyşlanyp geçirilen goldaw kampaniýasynda, takmynan 81,2 million dollar ýygnaldy.

Iordaniýa ýer titremeleriň zyýan ýetiren adamlara ýetirilmek maksady bilen düzüminde 480 çadyr bolan iki harby uçaryň Adana ugradylandygyny mälim etdi.

Pakistandaky Milli apat dolanşygy agentliginden (NDMA) berilen beýanata görä, aralarynda ýorgan-düşek we gyşky çadyrlar hem bolan 5 tonnalyk goldawy, Pakistanyň Halkara howa ýollar kärhanasy bilen Türkiyä ugradyldy.

NDMA agentliginiň başlygy Inam Haýdar Malik, NDMA hökmünde Türkiyä 162 tonna, Siriýa 9 tonna ynsanperwer kömek ugardandyklaryny belläp, 447 tonnalyk goldawyň bolsa ýük ulaglary bilen ýola çykandygyny aýan etdi.

Malik iki gatly 195 tonna çadyryň we 1600 tonnalyk azyk önümleriniň taýarlanýandygyny we şol kömekleriň ýük ulaglary we Pakistanyň Harby-deňiz güýçlerine degişli gämiler bilen öňümizdäki günlerde ýola çykjakdygyny mälim etdi.

Pakistanyň Azad Jammu-Kaşmir sebitinde bolsa Ministrler kabinetiniň agzalarynyň, deputatlaryň we sebitdäki ähli döwlet işgärleriniň aýlyklarynyň 5 günlük bölegi, ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin döredilen gazna üçin bölünip aýrylar.

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň Nýu-Ýork Taýms meýdançasynda, ýer titremede ýogalan adamlar üçin hatyralama çäresi geçirildi.

Çärede habarlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen ýer titremede ejir çeken adamlara gyssagly kömek berilmek barada çagyryş berildi.

Germaniýada ýurduň Harby-howa güýçleri tarapyndan berilen beýanatda, ýer titremäniň başdan geçirilen sebite ýetirilmek maksady bilen Türkiyä 9 ýük uçarynyň ugradylandygy, 10-njy, 11-nji we 12-nji ýük uçarlarynyň bolsa taýarlanýandygy beýan edildi.

Ýük uçarlary bilen ugradylan 187 tonnadan gowrak ynsanperwer kömekleriň arasynda generatorlaryň, düşelge düşekleriniň, çadyrlaryň, gyzdyryjylaryň we ýorgan-düşekleriň bardygy mälim edildi.

Germaniýada 900-den gowrak metjidiň degişli bolan Din işleri Türk-Yslam bileleşigi tarapyndan başladylan ynsanperwer kampaniýasynyň çäginde ýygnalan pulyň mukdarynyň 20 million ýewrodan geçendigi aýan edildi.

Gollandiýada bolsa ýer titremelerde ýogalan we ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin hatyralama we raýdaşlyk güni geçirildi.

Tunisde Simfoniki orkestr akademiýasy tarapyndan geçirilen konsertiň girdejisi "Asyryň Betbagtçylygy" hökmünde häsýetlendirilen güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerde zyýan çeken Türkiyedäki we Siriýadaky adamlar üçin ugradyldy.

Senegal güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň tebigy apat bilen bagly işlere goldaw bermek maksady bilen 30 adamdan ybarat gözleg we halas ediş toparyny Türkiyä ugratdy.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarlygy hem ýer titremede zyýan çeken adamlara goldaw bermek maksady bilen Türkiyä 3 müň çadyr ugratdy.

Demirgazyk Makedoniýa hem "Kanal 5" telewideniýe kanalynda "Türkiye we Siriýa üçin jebisdiris" temasy bilen haýyr-sahawat ýygnamak gepleşigini geçirdi.

Azerbaýjan Kahramanmaraş welaýatynda ýer titremede ejir çekýän adamlar üçin göçme hassahanasyny gurdy. Azerbaýjanyň Pekin şäherindäki ilçihanasy hem tebigy apat zolagyna ugradylmak maksady bilen ýorgan-düşek we gyşky egin-eşiklerden ybarat ynsanperwer kömek ugratdy.

Finlýandiýa bolsa Türkiyä 3 müň adama niýetlenen ýaşaýyş kömegini ugratdy.

Kahramanmaraş welaýatynda geçen hepde başdan geçirilen we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerde ençeme müň adam ýogaldy, tebigy apat "Asyryň Betbagtçylygy" hökmünde häsýetlendirildi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ýurtlary Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýär
ABŞ-nyň Owganystandaky Mirasy
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy