Dünýäniň Çar Tarapynda Palestina Goldaw Ýörişi Geçirildi

Dünýäniň çar tarapynda müňlerçe adam Palestina we Liwana goldaw bermek üçin ýöriş geçirdi.

Ysraýylyň Gazada 1 ýyldan bäri edýän genosidine garşy ABŞ-nyň birnäçe şäherinde müňlerçe adam protest ýörişini geçirdi.

Paýtagt Waşingtonda Ak Tamyň öňünde bir ýere jemlenşen topar Palestina goldaw berdi. Nýu-Ýork, Çikago we Los-Anželes bilen birlikde birnäçe ştatda ýüzlerçe adam Palestinanyň we Liwanyň baýdaklary bilen ýöriş geçirdi.

Kanadanyň Toronto şäherinde geçirlen ýörişde Ysraýylyň Gaza we Liwana guraýan hüjümlerinde garşylyk görkezildi we hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berildi.

Çilide we Wenesuelada hem ýüzlerçe adam Ysraýylyň hüjümlerine garşy ýöriş geçirdi.

Meksikada geçirlen protest ýörişinde ýogalan çagalar we bäbejikler üçin gül desseleri goýuldy.

Awstraliýada, Italiýada, Germaniýada, Ispaniýada, Pakistanda we Marokkoda hem müňlerçe adam Gaza üçin köçelere çykdy.

Düýn Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 41 müň 870, ýaralananlaryň sany hem 97 müň 166 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Ysraýylyň Hökümeti Gazany Açyk Howa Tussaghanasyna Öwürdi"
"Gazada hemişelik parahatçylyk üçin her hili goşant goşmaga taýýardyrys"
Karadagyň Prezidenti Ankarada Saparda Boldy
Gazada 196 Žurnalist Öldürildi
Hakan Fidan Müsüre Gider