Dünýäniň birinji raketkasy şikes aldy

Dünýäniň birinji raketkasy şikes aldy

Erkekleriň arasynda dünýäniň birinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkaras şikes aldy. Bu şikes onuň golaýda geçiriljek Awstraliýa Açyk uly tuwulgasynda gatnaşmazlygyna sebäp bolup biler diýip,Relevo sport neşiri habar berýär.

Habar berlişi ýaly, Alkaras Alikante tennis akademiýasynda türgenleşýän mahalynda, 15 ýaşly tennisçi Darwin Blanş bilen geçirilen synag duşuşygynda şikes alypdyr.

Ýeri gelende bellesek, Awstrakiýa Açyk — 2023 bäsleşigi 2023-nji ýylyň 16-29-njy ýanwary aralygynda geçiriler. Ýaryşyň häzriki çempiony ispaniýaly Rafael Nadal hasaplanýar. Ol geçen ýylky finalda russiýaly Daniil Medwedewden üstün çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar