Dünýäniň birinji raketkasy Alkaras Astanada ýaryşyň birinji aýlawyndan gaýtdy

Dünýäniň birinji raketkasy Alkaras Astanada ýaryşyň birinji aýlawyndan gaýtdy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Astanada ATP-nyň ikinji turnirine çykyp bilmedi. 19 ýaşly ispaniýaly türgen, dünýäniň birinji raketkasy birinji aýlawyň oýnunda 5:7, 3:6 hasap bilen belgiýaly türgen Dawid Goffenden utuldy.

Goffen dünýäniň 66-njy raketkasy hasaplanýar.Onuň indiki garşydaşy fransiýaly türgen Adrian Mannarino bolar.Alkaras sentýabr aýynda US Open-de gazanan ýeňşinden soň dünýäniň birinji raketkasy bolupdy. Şol turnirden soň Dewisiň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda diňe iki gezek oýnapdy, şonda kanadaly türgen Feliks Ože-Alýassimden ýeňlip, koreýaly türgen Kwon Sun-wuny ýeňipdi.

Ondan hem başga, Alkaras ilkinji gezek 62 oýunda ýeke gezegem set almady.Bu onuň 11 aýyň içinde ýol beren ilkinji arassa ýeňlişidir.Astanadaky turnir 9-njy oktýabrda tamamlanar. Ýaryşyň baýrak gaznasy 1,9 mln dollar.

Ýene degişli makalalar

1-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Sal Altman Maskyň 97,4 milliard dollarlyk OpenAI teklibini kabul etmedi
Täze rekord goýdy
“Google terjimä” 110 täze dil goşuldy
Alymlar uzak ýaşamagyň esasy üç sebäbini agzadylar
Sagdyn uzak ýaşlylyga päsgel berýän esasy ýaramaz endik agzaldy
10-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti