Dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda Alkaras bilen Ruud göreşer

Dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda Alkaras bilen Ruud göreşer

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras şenbe güni ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň ýarym final oýnunda amerikaly Frensis Tiafony utdy. Duşuşyk 6:7 (6:8), 6:3, 6:1, 6:7 (5:7), 6:3 hasabynda Alkarasyň peýdasyna tamamlandy. Finalda Alkaras russiýaly Karen Haçanowdan üstün çykan norwegiýaly Kasper Ruuda garşy oýnar. Bu barada TASS habar berýär.

Ýaryşyň aýgytly duşuşygy 11-nji sentýabrda geçiriler, onuň ýeňijisi Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orna çykar.Häzirki wagtda ony ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň häzirki ýeňijisi, şu ýyl dördünji tapgyrda ýaryşdan çykan russiýaly Daniil Medwedew eýeleýär.

ABŞ-nyň Açyk çempionaty 1881-nji ýyldan bäri geçirilýär we ol möwsümde jemleýji, dördünji “Uly tuwulga” ýaryşydyr.Oýunlar “hard” düşeginde geçirilýär, ýaryşyň baýrak gaznasy 60 mln dollara barabar.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy