Dünýäniň bäşinji ummany

/* custom css */ .td_uid_19_60c2a9e4a891a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c2a9e4a891a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Entek birnäçe çeşmede görkezilmeýän hem bolsa, alymlar bäşinji ummanyň bardygyny belleýärler.

Günorta ummany Antarktikanyň daş-töweregini öz içine alýar.Alymlar bu ýeriň hem aýratyn ummandygyny belleýärler.Dünýäniň ygtybarly ylmy neşirleriniň biri bolan National Geographic hem bu ýeri bäşinji umman hökmünde kabul etdi.

Köp ýyllaryň dowamynda Ýer ýüzünde dört ummanyň (Hindi ummany, Ýuwaş ummany, Atlantik ummany we Demirgazyk buzly ummany) bardygy hasap edildi.Ylmyň ösmegi, tebigatyň has içgin öwrenilmegi netijesinde alymlar Ýeriň günorta polýusynyň daş-töweregini hem aýratyn umman hökmünde kabul edip başladylar.

Ylmy neşirde bäşinji ummanyň ekologiýa taýdan görnetin tapawutlanýandygy bellenilýär.Bu ummanyň esasy tapawudy bolsa demirgazygyndaky ummanlardan has güýçli akymynyň bolmagydyr.Günbatardan gündogara tarap akýan bu akym Antarktikanyň daşyndan aýlanýar.

Bu ýeriň suwunyň düzüminde duzuň mukdary az we sowuk.Bilermenler bu ýeriň aýratyn umman hasap edilmeginiň dünýäde howanyň özgermegine garşy göreşde peýdaly boljakdygyny belleýärler.Tawus Mamedowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri