Dünýäniň atyr paýtagty

Şäherleriň köpüsi öndürýän önümi, milli gymmatlyklary ýa-da tagamlary bilen uly meşhurlyga eýe bolup, dünýäde şol aýratynlygy bilen tanalýar. Mysal üçin, merjen şäher diýlende Aşgabat, pizza diýlende Napoli, matadorlar diýlende Madrid şäherleri, welosipedler şäheri diýlende Amsterdam göz öňüňde janlanýar. Iň owadan we hoşboý ysly gülleriň bitýän ýeri bolan Gras şäheri hem dünýäniň atyr paýtagty hökmünde tanalýar.

Parfýumeriýa serişdeleriniň ady agzalanda, ilki bilen Fransiýa göz öňüňe gelýär.Fransiýada atyr önümçiliginiň Fragonard, Serge Lutens, Guerlain, Shalimar, Chanel, Lombre dans ýaly dünýä belli brendleri öndürilip, dürli ýerlere eksport edilýär. Şeýle hem Nýu-Ýork, Singapur, Tokio, London we Dubaý ýaly syýahatçylyk babatda ösen şäherlerde fransuz atyrlarynyň dükanlary hem bar. Ýurduň atyr önümçiliginde Nantes, Gras, Marsel, Kabrier-d’Awinon, Strasburg ýaly şäherler öňdeligi eýeläp, iň naýbaşy atyrlar Gras şäherindäki güllerden alynýar.

Fransiýanyň günorta-gündogarynda, Alp daglarynyň gerişinde ýerleşýän, 44 inedördül kilometr meýdany bolan kiçijik şäheriň 52 müň töweregi ilaty bar.

Ilatyň esasy käri gül ösdürip ýetişdirmek hem-de atyr önümçiligidir.Gras şäherindäki gülli meýdanlarda maý güli, lawanda, jasmin, tuberoza, fialka ösdürilip ýetişdirilýär. Şäheriň özboluşly howasy bu ýerde bitýän gülleriň has hoşboý ysly bolmagyna mümkinçilik berýär.

Orta asyrlarda deri önümçiligi bilen tanalan Gras şäheri 1700-nji ýyllarda atyr pudagynda meşhurlyk gazanyp başlaýar. Şäherde hoşboý ys berijileri öndürýän kärhanalaryň gurulmagy bilen gül ekilýän meýdanlar peýda bolýar.

Güller çig mal serişdesi bolmak bilen bir hatarda, şäher tebigatyny has owadan hem-de ýakymly görkezip, ekologiýa babatda hem howany arassa saklamaga ýardam berýär.Bu ýerde atyryň dürli görnüşleri bilen birlikde biologik şampundyr sabyn hem öndürilýär.

Güllerdir hoşboý yslary halaýanlaryň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan Gras şäheriniň Ortaýer deňzi botanika bagynda parfýumeriýa muzeýi ýerleşip, nusgalyk atyrlaryň birnäçe görnüşi saklanýar.Bu ýerde ys alyjylygy ösdürýän maşkdyr sapaklar hem geçirilýär.

Bilermenleriň bellemegine görä, atyr beýleki yslara bolan duýgurlygy artdyryp, beýniniň işjeňligini güýçlendirýär. 2018-nji ýylda Gras şäheri parfýumeriýa önümçiliginde gazanan üstünlikleri üçin ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýene degişli makalalar

Gras hoşboý ysly gülleriň şäheri
Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije
Öňünden çykany ýeňýär
Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
TFF Balkanabatda çagalaryň arasynda futbol baýramçylygyny geçirdi
Maryda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi