Dünýäniň 42-nji raketkasy Uimbldonyň çempiony boldy

Dünýäniň 42-nji raketkasy Uimbldonyň çempiony boldy

Dünýäniň 42-nji raketkasy Uimbldonyň zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki çempiony boldy. Has takygy, finalda dünýä sanawynyň 6-njy basgançagyny eýeläp duran tunisli Uns Jabiri ýeňlişe sezewar eden çehiýaly Marketa Wondrouşowa uly tuwulga ýaryşlarynda özüniň ilkinji çempionlygyny gazandy. 1 sagat 21 minut dowam eden final oýny 6:4, 6:4 hasabynda çehiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, Marketa Wondrouşowa 2,35 million funt-sterling pul baýragyna hem-de 2000 reýting utugyna eýe çykdy. Netijede ol duşenbe güni täzelenjek WTA reýtinginde öz karýerasynda ilkinji gezek top-10-lukdan (10-njy orna göteriler) ýer alar.

Ýeri gelende bellesek, tunisli Uns Jabir bassyr ikinji gezek Uimbldonyň finalynda ýeňlişe sezewar boldy. Geçen ýyl ol aýgytlaýjy duşuşykda gazagystanly Ýelena Rybakinadan asgyn gelipdi.

Ýene degişli makalalar

WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
“Wimbledonyň” taryhynda ilkinji gezek
Uimbldon: zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki finalçylar belli boldy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmen wekiliýeti Koreýada birnäçe duşuşyklary geçirdi
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar