Dünýäde ululygy boýunça taryhda üçünji almaz tapyldy

Dünýäde ululygy boýunça taryhda üçünji almaz tapyldy

Dünýäde ululygy boýunça üçünji almaz Botswanada tapyldy. Frans Press agentliginiň habar bermegine görä, onuň agramy 1 174 karata barabar. Ol diňe XX asyryň başynda tapylan, agramy 3 106 karat bolan Günorta Afrikanyň “Kullinanyndan” hem-de 2019-njy ýylda Karowe şahtasyndan tapylan 1 758 karat agramly “Sewelodan” (setswana dilinde “seýrek tapyndy”) yza galýar diýip, www.1sn.ru belleýär.

Özboluşly almaz, aslynda, şahtanyň eýesi bolan Kanadanyň Lucara Diamond Corp. kompaniýasy tarapyndan 12-nji iýunda tapyldy, ýöne çarşenbe güni ol Botswana hökümetine resmi taýdan hödürlendi.

Bu almaz ululygy boýunça 1-nji iýunda Botswananyň Debswana kompaniýasy tarapyndan tapylan 1 098 karat agramly daşdan birneme geçýär.Botswana Afrikada iň uly we dünýäde Russiýadan soň ikinji almaz öndürijidir. 2019-njy ýylda Afrika ýurdy 3,43 mlrd dollarlyk 23,6 mln karat almaz gazyp aldy.

Botswananyň paýtagty Gaborone dünýäniň iň möhüm we iň uly almaz merkezleriniň biri diýen derejä eýedir.Dünýädäki iň uly almaz bolan “Kullinan” 1905-nji ýylda Pretoriýanyň golaýyndaky şahtada tapyldy.

Ondan birnäçe göwher ýasaldy, olaryň biri britan monarhlarynyň skipetrini bezeýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident we parlament saýlawlary geçiriler
Botswanada 1080 karat agramly ak göwher tapyldy
Täze göwher tapyldy: dünýäde üçünji ýerde
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Dünýäniň iň rahat ýurdy
Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy