Dünýäde Täze ýyly ilki bolup, Kiribati garşylady

Dünýäde Täze ýyly ilki bolup, Kiribati garşylady

Dünýäde Täze ýyly ilkinji bolup, Okeaniýadaky ýurt bolan Kiribati garşylady. Ondan soňra Täze ýyly garşylamak gezegi Täze Zelandiýanyň paýyna düşdi diýip, 24KZ habar berýär. Ýurduň iri Oklend şäheriniň ýaşaýjylary lazer alawlarydyr feýerwerklere syn etdiler, olary beýikligi 328 metr bolan Skaý -Tauer diňinden goýberdiler. Yşyklaryň dabarasy 5 minut dowam etdi.

Täze ýyl soň Täze ýyl Okeaniýadaky Fiji we Tongo patyşalygy ýaly ýurtlara gadam basdy.

Dünýäde 2024-nji ýyly iň soňky bolup, Ýuwaş ummanyň günorta bölegindäki Samoa ada-döwleti garşylady. Täze ýyl ol ýere Moskwa wagty bilen 1-nji ýanwarda gündiz sagat 2-de geldi diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

15.09.2017 | Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň otuzysynyň baýdaklary galdyrdy
Täze ýyl nirä, haçan geldi?
Täze ýyl nirä, haçan gelýär?