Dünýäde täze milliarder peýda boldy

Dünýäde täze milliarder peýda boldy

Affirm maliýe tehnologiýasyny esaslandyryjylaryň biri, Kiýewde doglan Maks Lewçiniň baýlygy 2,7 milliard dollara ýetdi. Kompaniýanyň paýnama bahalarynyň birden ýokarlanmagy (tas iki esse) dünýäde täze milliarderiň peýda bolmagyna getirdi diýip, “Forbes” neşiri ýazýar. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Milliarderleriň sanawyna Lewçin ilkinji gezek goşulýar.Oňa Affirm paýnamalarynyň 11 göterimi degişli. 13-nji ýanwarda söwdanyň ahyryna çenli maliýe tehnologiýasynyň gymmatly kagyzlarynyň bahasy 97,24 dollara (98,45 göterim), kapitallaşdyrmasy bolsa 23,6 milliard dollara çenli ýokarlandy.

Dört aýyň içinde ol 18 milliard dollar artdy.Affirm gysga möhletli sarp ediş karzlary ulgamy arkaly möhleti uzaldylan töleg bilen onlaýn söwdany amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.Kompaniýa San-Fransiskoda ýerleşýär.

Ol 6500 töweregi satyjylar we brendler bilen hyzmatdaşlyk edýär, olaryň arasynda Adidas, Walmart we Dyson hem bar.Lewçin PayPal töleg hyzmatyny hem esaslandyryjylaryň biri.Ol Affirm-i 2012-nji ýylda döretdi we döredilen gününden bäri kompaniýa 1,5 milliard dollar toplady. 14-nji ýanwarda söwdanyň açylmagynyň öňüsyrasy Affirm paýnamalarynyň bahasy NASDAQ biržasynda 104 dollara çenli gymmatlamagyny dowam etdirdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy
Täze aýdymlary tapyldy
ABŞ-da 6,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Nýu-Ýorkda we Berlinde Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň başynda sapar bilen Türkiýe Respublikasyna barar, Türkmenistan Owganystandaky Saglyk öýüniň abatlaýyş işlerini geçirdi, Aşgabada Uly Moskwa sirki geler
APEK-iň ýolbaşçylar ýygnagy geçirildi
Lionel Messi sporta we tehnologiýa maýa goýmak üçin Play Time kompaniýasyny esaslandyrdy