Dünýäde täze awtoulag satuwy fewral aýynda 12% ýokarlandy

Dünýäde täze awtoulag satuwy fewral aýynda 12% ýokarlandy

Fewral aýynyň jemlerine görä, dünýä boýunça täze awtoulaglaryň satuwy 12% ýokarlandy. Bu barada LMC Automotive konsalting kompaniýasyna salgylanyp, speedme.ru habar berdi.

Maglumatlara görä, şu ýylyň fewral aýynda dünýä awtoulag bazarynda 5,760 000 sany ulag satyldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 12,4% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýylyň iki aýynyň dowamynda dünýäde 12 454 000-den gowrak awtoulag satyldy, bu hem 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,8% köpdür.

Şeýle hem Hytaý fewral aýynda täze awtoulag satuwynda öňdebaryjy ýurt boldy. Bu ýurtda 1,382,000 awtoulag satyldy we munuň özi bir ýyl ozalkydan 4,8 esse köp. Hünärmenler soňky on aýda satuw dinamikasynyň ýokarydygyny bellediler.

Şol bir wagtyň özünde ABŞ-da fewral aýynda 1,184,000 awtoulag satyldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 12,8% az.Günbatar Ýewropadaky bazarlar satuwyň 20 göterim - 878,400 awtoulaga çenli azalandygyny görkezýär.

Gündogar Ýewropa ýurtlarynda satuwlar, takmynan, 2020 ýyldakysy ýalylygyna - 304,200 awtoulag derejesinde galdy, bu bolsa 2020-nji ýylyň fewral aýyna garanyňda, 0,6% köpdür diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde awtoulag söwdasy 10 göterim artdy
Türkmenistanyň hususy dükanlarynda çilimiň görnüşi köpeldi, döwlet dükanlarynda ady ýitdi
Halkara awtoulag sergisi
Marynyň döwlet dükanlarynda buhanka çöregi her ele çäkli görnüşde satylýar, çilim tapdyrmaýar
Aýda pagta gögerdi
Premier Ligada möwsüm jemlendi