MIR 24 şu gün— 14-nji dekabrda dünýäde bellenýän baýramlardyr belli seneleriň hatarynda esasy baýramlaryň biriniň Halkara maýmynlar günüdigini ýazýar.
Aslynda bu resmi däl baýram ilkibada degişme görnüşde peýda boldy. 2000-nji ýylda ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň uniwersitetiniň talyp gyzy Keýsi Sorrou dostunyň senenamasynda 14-nji dekabry Maýmyn güni diýip belläpdir.
Onuň bu degişmesini talyplar baýram edipdirler.Soň-soňlar, Sorrou suratkeş bolup, özüniň hepdelik taýýarlaýan Fetus-X komiksler tapgyryna Maýmyn gününi girizipdir. Şeýdip, bu baýramçylyk ilki Birleşen Ştatlarda, soňra beýleki ýurtlarda hem ýaýrap başlapdyr.
Şondan bäri her ýylyň 14-nji dekabrynda maýmynlara bagyşlanan dürli çäreler guralýar. Karnawallaryň, bilim seminarlarynyň we sergileriň maksady haýwanlaryň hukuklaryna we maýmynlary goramaga ünsi çekmekden ybarat. Häzirki wagtda dünýäde maýmynlaryň 260 görnüşi bar.
MIR 24 şeýle-de 14-nji dekabrda Başgyrt diliniň gününiň, Örüm gününiň, Dikuçar sürüjisiniň, Guşlaryň ruhlarynyň goýberilýän we Aýnanyň öňünde ýüz-gözüňi kilçertmek günleriniň bellenýändigini ýazýar.