Dünýäde smartfonlaryň söwdasy 18,3 göterim pese gaçdy

Dünýäde smartfonlaryň söwdasy 18,3 göterim pese gaçdy

Dünýäde smartfonlaryň söwdasy 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde, 2021-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, 18,3 göterim, ýagny 300,3 million birlik möçberde pese gaçdy. Bu barada International Data Corporation (IDC) kompaniýasynyň maglumatlarynda aýdylýar diýip, Kapital.kz saýty habar berýär.

Şunlukda, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça smartfonlaryň satuwy 11,3 göterim pese gaçyp, 1,21 milliard birlige deň boldy. Bu 2013-nji ýyldan bäri hasaba alnan iň pes görkezijidir. Muňa sarp ediş isleginiň pese gaçmagy, ýokary hümmetsizlenme we ykdysady kesgitsizlik sebäp boldy.

Öň IDC kompaniýasy 2023-nji ýylda bu bazaryň 2,8 göterim derejede dikeljekdigini çaklapdy, emma 2022-nji ýylyň ahyrky çärýeginiň örän gowşak netijeleri indi bu çaklamany şübhe astynda goýdy, ýagdaýyň hatda mundan hem ýaramazlaşmagy daşda däl diýip, kompaniýanyň bilermenleri çaklaýarlar.

Mysal üçin, Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy geçen ýylda satuwlaryny 4,1 göterim azaltdy, emma ol şonda-da dünýäde iň iri öndürijileriň başynda galmagy başardy, netijede, onuň bazardaky paýy 21,6 göterim derejede artdy. Apple Inc. kompaniýasynyň hem önümleriniň satuwy 4 göterim kemeldi, emma onuň ählumumy bazardaky paýy 18,8 göterime çenli artdy.

Hasabatda Hytaýyň Xiaomi, OPPO hem-de Vivo kompaniýalarynyň smartfon söwdalarynyň degişlilikde, 19,8, 22,7 we 22,8 göterim azalandygy aýdylýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Çip önümçiligini artdyrar
Ýanyňda göterilýän enjamlaryň satuwy 2,6 göterim artdy
Kompýuter satuwy artdy
Russiýada Samsung smartfonlarynyň 61 görnüşini satmak gadagan edildi
Samsung Electronics smartfonlaryna film surata düşürmek kampaniýasyny başlatdy
Samsung-yň üçünji çärýekde operasion girdejisi 28% ýokarlandy