Dünýäde şahsy kompýuterleriň satuwy III çärýekde rekord derejede peseldi

Dünýäde şahsy kompýuterleriň satuwy III çärýekde rekord derejede peseldi

Üçünji çärýekde şahsy kompýuterleriň (ŞK) global üpjünçiligi 1990-njy ýyllaryň ortalarynda hasap ýöredilip başlanandan bäri rekord pese gaçyşy görkezdi. Muny Gartner analitiki kompaniýanyň deslapky maglumatlary delillendirýär diýip, interfax.ru habar berýär.

Iýul sentýabr aýlarynda satuw 68 mln birlik bolup, bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 19,5% azdyr.Pese gaçyş bassyr dördünji çärýegiň jemi boýunça hasaba alyndy. Şahsy kompýuterleriň global bazarynyň liderleriniň üçlügi üýtgemedi.

Birinji orny 25%-den gowrak bazar paýy bilen häzirem Hytaýyň Lenovo kompaniýasy eýeleýär.Onuň satuwy üçünji çärýekde 15,3% peseldi.Onuň yzyndan HP Inc.we Dell Technologies amerikan kompaniýalary gelýär, olaryň bazar paýy, degişlilikde, 18,7% we 17,7%.

Olaryň ŞK iberişi, degişlilikde, 27,9% we 21,1% azaldy.Apple Inc.global bazardaky paýy boýunça ASUS-dan birneme öňe geçýär 8,5% garşy 8,2%-e.

ABŞ-da iýul sentýabr aýlarynda kompýuter üpjünçiligi 17,3% pese gaçdy. Ýurtda iň belli markalar Dell (amerikan bazarynda paýy 26,8%), HP (23,2%) we Apple (16%). Ýaponiýany hasaba almazdan Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde satuw 16,6% azaldy.

EMEA-da (Ýewropa, Afrika we Ýakyn Gündogar) kompýuter satuwy 36,4% - 17 mln birlige çenli peseldi.Bu hem ähli sebitleriň arasynda iň uly pese gaçyş boldy.

Ýene degişli makalalar

Kompýuter satuwy artdy
Türkmenistanda ilkinji gezek Promt-inžiniring boýunça okuwlar açylýar
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy
Dünýäde smartfonlaryň söwdasy 18,3 göterim pese gaçdy
Ýanyňda göterilýän enjamlaryň satuwy 2,6 göterim artdy
Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy