Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi

Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi

Tutuş dünýäde milliarderleriň sany 3228-e ýetdi we bu täze rekord boldy diýlip, her ýyl dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny düzýän Hurun Research Institute guramasynyň hasabatynda aýdylýar. Bu barada lenta.ru belleýär.

Ýer ýüzüniň iň baý adamlarynyň umumy baýlygy, 15-nji ýanwaryň ýagdaýy boýunça, 3,5 trilliondan 14,7 trillion dollara çenli ýokarlandy.Hytaý milliarderleriň sany boýunça lider bolmagynda galýar.

Eger ABŞ-da 696 milliarder ýaşaýan bolsa, HHR-de (Gonkong, Makao we Taýwan bilen birlikde) 1058 milliarder (bir ýyl mundan öňki bilen deňeşdirilende, 259 san köp) ýaşaýar.Dünýädäki ähli milliarderleriň ýarysyndan gowragy Hytaý bilen ABŞ-nyň paýyna düşýär. Üçünji orunda 177 milliarder bilen Hindistan, dördünji orunda 141 milliarder bilen Germaniýa, bäşinji orunda 134 milliarder bilen Beýik Britaniýa ýerleşýär.

Pekin geçen ýylyň jemi boýunça “milliarderleriň dünýä paýtagty” derejesini saklady, bu ýerde baýlygy 1 milliard dollardan gowrak bolan 145 adam ýaşaýar, ikinji orunda Şanhaý 113, üçünji orunda Nýu-Ýork 112, onuň yzyndan Şençžen (105), London we Gonkong (hersinde 82), Moskwa (68) gelýär. Şeýle-de, zenan milliarderleriň sanynyň 231-e çenli ýokarlanandygy bellenilýär, olaryň 60%-den gowragy Hytaýda ýaşaýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda uçarmansyz Hongqi ulaglarynda ýolagçy gatnawlary açyldy
Gonkongda täze Greater Bay Airlines awiakompaniýasy döredilýär
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Lissabon geljegiň şäheri
Geljekde haýsy şäherlerde uly innowasiýa üstünlikleri bolup biler?
“Huawei” “Honor”-y satdy