Gurama maýmyn mamasy hassalygyndan epidemiýa boýunça 35-nji seljeriş habarnamasyny çap etdi.
Habarnamada; “2024-nji ýylyň iýunynda BSGG-na 26 ýurtdan jemi 934 sany laboratoriýalar tarapyndan tassyklanan maýmyn mamasy hadysasy we şoňa bagly ölüm habary gelip gowuşdy. Ol hem maýmyn mamasynyn dünýä boýunça ýaýramaga dowam edýandigini görkezýär” diýilýär.
BSGG-nyň Afrika sebitinden 567, Amerika sebitinden 175, Ýewropadan 100, Günbatar Ýuwaş Umman sebitinden 81 we Günorta-gündogar Aziýa sebitinden 11 sany maýmyn mamasy hadysasynyň habar berilendigine üns çekilýän habarnamada, Gündogar Ortaýer deňisi sebitinde wirusa ýoluganyň bolmandygy mälim edildi.
Habanamada ýurtlaryň maýmyn mamasy hassalygy boýunça BSGG-na berýan maglumlatlarynyň azalandygy, bar bolan global maglumatlaryň hakyky hassalyk sanyndan pesdiginiň çaklanylýandygy nygtaldy.
Wirus umuman ýokary tempratura, kelle, ýagyrny we myşsa agyrysy, bokurdakda çişme, ýadawlyk, üşetme, titreme we deride garamyga meňzeş gabarçyklara sebäp bolýar.