Dünýäde koronawirusa garşy 10 milliarddan gowrak sanjym edildi

Dünýäde koronawirusa garşy 10 milliarddan gowrak sanjym edildi

Dünýäde koronawirusa garşy alnan sanjymlaryň sany 10 milliarddan geçdi. Olaryň ýarysyndan gowragy üç döwletiň Hytaýyň (2,98 mlrd), Hindistanyň (1,67 mlrd) we ABŞ-nyň (0,54 mlrd) paýyna düşýär. Bu maglumatlar TASS-yň häkimiýetleriň resmi beýanlaryna we KHBS tarapyndan alnyp barylýan statistika esaslanýan hasaplamalaryndan gelip çykýar.

Häzirki wagtda planetanyň ýaşaýjylaryna koronawirusa garşy 10,003 mlrd sanjym dozasy berildi. Ýer ýüzünde näçe adamyň doly sanjym kursuny geçendigini kesgitlemek mümkin däl, sebäbi köp ýurtlar diňe kowide garşy sertifikatlaşdyrylan sanjym dozalarynyň we alnan sanjymlaryň sany barada habar berýärler. Şol bir wagtyň özünde birnäçe döwletde gaýtadan sanjym etme prosesi dowam edýär.

Dünýäde sanjym depgini ýene haýallady: soňky bir milliard sanjym 30 günde berildi, mundan öňki 24 günde alnypdy.Alty döwletde BAE-de, Maldiwlerde, Kubada, Portugaliýada, Kambojada we Singapurda ýaşaýjylaryň 90%-ine sanjym edildi.

Ilatynyň 80%-i sanjym alan ýurtlaryň hataryna Malta, Hytaý, Bruneý, Çili, Günorta Koreýa, Ispaniýa, Argentina, Italiýa, Kanada, Katar, Awstraliýa, Daniýa, Islandiýa, Ekwador, Bahreýn, Ýaponiýa, Wýetnam, Urugwaý girýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Astanada ŞHG-niň Liderleriniň sammiti başlady
Hytaý ýurtlaryň birgidenine jahankeşdelik gezelençleri dikeltmekçi
Kambojanyň paýtagtynda ASEAN-yň 40-njy we 41-nji sammitleri açyldy
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Kambojanyň Patyşasy Hun Seniň ogluny täze Premýer-ministr edip belledi