Dünýäde iri buzdag 37 ýylda ilkinji gezek herekete geldi

Dünýäde iri buzdag 37 ýylda ilkinji gezek herekete geldi

Dünýäde iri buzdag (aýsberg) deňziň düýbünde 37 ýyllap gymyldaman durandan soňra, ilkinji gezek herekete geldi. A23a diýlip at berlen buzdag 1986-njy ýylda Antarktidanyň kenarýakasyndan bölünip aýryldy, Ueddell deňziniň düýbüne çöküp, buz gatlagynyň bir bölegine öwrüldi diýip, MIR 24 ýazýar.

Onuň tutýan meýdany 4 müň inedördül kilometre golaý bolup, Londonyň meýdanyndan iki esse uludyr.

2020-nji ýylda buzdag gymyldap başlady, 2022-nji ýylda okgunly herekete geçdi, soňky aýlarda şemalyňdyr akymyň täsiri bilen tizlik alyp ugrady. Ol häzir hemra aragatnaşygynyň maglumatlaryna görä, Antarktida ýarymadasynyň demirgazyk böleginde.

Alymlar bu ýagdaýy buzdagyň göwrüminiň kiçelmegi bilen baglaýarlar. Olaryň pikiriçe, eger A23a Günorta Georgiýa ýetse, ol ýerde ýaşaýan millionlarça düwlenlere, pingwinlere we guşlara howp döredip biler.

Emma buzdaglar ekoulgamlar üçin peýdalydyr, eremek bilen, olardaky mineral tozanlar ýaýraýar, bu bolsa antarktida iýmit zynjyrynyň özenini düzýän peýdaly maddalaryň çeşmesini emele getirýär diýip, The Daily Mail habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr
Tesla zawodynda robot adama hüjüm etdi
Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Britaniýa bir gijede 35 müň ýyldyrym düşdi