Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy belli boldy. Sanawy HotCars portaly düzdi diýip, Gazeta.ru ýazýar. Oňa hiç hili kynçylyksyz 805 müň kilometrden köp menzil geçmäge ukyply ulaglar girdi.
Sanawyň başyny 20102015-nji ýyllarda çykarylan Hyundai Elantra kysymly ulaglar çekdi. Ol 1,6 litrlik 132 at güýjüne deň hereketlendirijili bolup, 1,6 million kilometrlik aralygy geçmäge ukyplydyr.
Ikinji orunda Chevrolet Silverado (19882002-nji ýyllarda çykarylan) pikaby, üçünji ýerde Ford Super Duty (20112016 ýý) ýerleşdi.
Ilkinji bäşlige şeýle-de Toyota Tacoma (20052015 ýý) we Porsche 911 Turbo (19731989 ýý) girdi.
Sanawda olardan soňra Honda Accord (19901993 ýý), Mercedes-Benz E-Class (19931996 ýý) we Chevrolet Corvette (19972004 ýý) ýerleşýär. Volkswagen Golf (20032008 ýý), Nissan Frontier (20052007 ýý), Mazda MX-5 (19891997 ýý) we Ford Mustang (19641973 ýý) olardan biraz pes netije bilen sanawda orun aldy.