Floridadan dünýäniň iň uzyn saçly aýaly saçyny 33,5 metre çenli ösdürip, hususy rekordyny täzeledi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär diýip, interfax.ru belleýär.
Altmyş ýaşly Aşa Mandela saçynyň uzynlygy boýunça 2009-njy ýylda rekord goýdy. Şol wagt ol 15,6 metrdi.Mandela 40 ýyldan gowrak wagt mundan öň Trinidad we Tobagodan Birleşen Ştatlara göçüp gelende, zülplerini ösdürip başlandygyny aýdýar.
Ol saçynyň ýerde süýrenip, boýnuna agram salmazlygy üçin ony, adatça, mata daňyp gezýändigini gürrüň berdi.Mandelanyň adamsy, professional dellekçi Emmanuel Çege aýalynyň saçyna ideg etmek üçin her hepde birnäçe sagat sarp edýär.
Ol Mandelanyň saçyny hepdede bir gezek ýuwýar, ýöne munuň üçin alty çüýşe şampun, soňra iki gün guratma prosesi gerek bolýar.