Geçen güýzde “dünýäde iň uly ýeralma” diýlip ykrar edilen täze zeland bakja önümi kädi bolup çykdy, muny anyklamaga onuň DNK barlagy kömek etdi diýip, The Guardian gazeti habar berdi.
Täze Zelandiýadan Kolin Kreýg-Braun diýen ýerli ýaşaýjy öz bakjasynda agramy 7,8 kilogram bolan hasyly gazyp aldy. Kolin onuň ýeralmadygyna ynanyp, surata düşürdi we Ginnesiň rekordlar kitabyna ýollady.
Biraz soň Rekordlar kitabynyň geňeşiniň agzalary Kreýg-Braun bilen habarlaşyp, miwäniň DNK materialyny ibermegini haýyş etdiler.
Aradan birnäçe wagt geçensoň, bakjaça jogap geldi, onda: “Gynansagam, bu ýeralma dä, kädi. Şonuň üçin siziň arzaňyzy ýatyrmaly bolýarys” diýilýärdi.
Bakja eýesi galp ýeralmany tumar hökmünde saklamagy makul bildi we oňa Dag diýip at dakdy.