Dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy bitkoine petek satyp başlar

Dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy bitkoine petek satyp başlar

Dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy hasaplanýan amerikan kinoteatrlar ulgamy AMC Theatres 2021-nji ýylyň ahyryna çenli ABŞ-da seanslara petekler üçin töleg hökmünde bitkoinleri kabul edip başlajakdygyny aýtdy. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Adam Arona salgylanyp, “The Wrap” neşiri habar berýär diýip, rbc.ru belläp geçýär.

AMC Theatres bitkoine petek satjak dünýäde ilkinji kinoteatrlar ulgamy. Kompaniýa gelen kararyny koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz ykdysady netijeleri bilen göreş wagtynda satuwy ýokarlandyrmak isleýändigi bilen düşündirýär.

AMC Theatres dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy bolmak bilen, ABŞ-da 593 kinoteatra eýeçilik edýär. Şeýle-de, kompaniýa Odeon, UCI Cinemas we Carmike Cinemas britan kinoteatrlar ulgamy degişlidir.

Bitkoin bilen kinoseans üçin petegi AMC Entertainment resmi saýtynda satyn almak bolar.

Şu ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça, AMC-niň ýitgisi 344 mln dollar boldy, kompaniýa ähli kinoteatrlarynyň işini diňe şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda gaýtadan dikeldip bildi.

Ýene degişli makalalar

“Nintendo” oýun konsoly öndürilip başlandy
Dünýädäki iň uly Legoland seýilgähi 2024-nji ýyla çenli Şençžende gurlar
“Netflix” üçin kino surata düşürer
E3 2021 sergisiniň doly meýilnamasy yglan edildi
Kosmosda MMA söweşleri geçirilip başlanar
2020-nji ýylyň iň gowy oýun neşir edijileri yglan edildi