Dünýäde iň uly buzdagy ýene aýak çekdi

Dünýäde iň uly buzdagy ýene aýak çekdi

А23а diýlip at berlen dünýäde iň uly buzdagy (aýsberg) suwdaky ýüzüşinden soňra ýene aýak çekdi. Onuň meýdany 4366 inedördül kilometre deň bolup, Sankt-Peterburg şäheriniň çäginden üç esse uludyr.

А23а buzdagynyň uzak taryhy bar. Ol Antarktidadaky şelf buzlugyndan 38 ýyl mundan öň bölündi, emma tiz Uedelliň deňzinde çökdi hem-de birnäçe onýyllyklar ornundan gozganmady.

2023-nji ýylyň baharynda ol birdenkä Antarktida ýarymadasynyň kenaryny syryp, Skoşuň deňzine tarapl süýşüp başlady. Bir ýyldan soňra buzdagy ýene saklandy diýip, Arktika we Antarktida ylmy-barlag institutynyň metbugat gullugyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Alymlar aýsbergiň haýal öwrülýändigini belleýärler. Onuň suwasty bölegine Antarktidanyň çirkumpolýar akymynyň ýyly suwlary täsir edýär. Ol şeýle-de kem-kemden ýumrulýar. Aýsberg birnäçe bölege bölnüp, Skoşuň deňzinde ýüzüp başlar diýlip çaklanýar. Emma buzdagyň örän uludygy üçin muňa köp wagt gerek bolar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar haýwanlaryň ýok bolup barýan görnüşlerini Aýa ibermegi teklip etdiler
Alymlar tikensiz bägül ýetişdirdiler
Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Miras žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Alymlar Marsdaky uly kölüň fotosuraty bilen tanyşdyrdylar
16 ýaşly aýdymçy gyz Ermenistanyň rekordlar kitabyna girdi