Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy

Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy

Loewe ispan haryt nyşany dünýäde iň meşhur moda brendi hökmünde yglan edildi. Bu ugurdaky sanawy feşn-senagatda sarp ediş özüňi alyp barlyşyny seljermäge ýöriteleşen Lyst internet platformasynyň hünärmenleri düzdüler diýip, Mail.ru ýazýar.

Ispan egin-eşikçisi sanawda öňdeligi eýeläp gelen Miu Miu italýan önümçilikçisiniň ornuny eýeledi. Şeýle-de sanawda üçünji orunda Prada ýerleşdi, ilkinji bäşligi Saint Laurent we Bottega Veneta moda öýleri jemledi.

Şol bir wagtda 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça Versace we Balenciaga geçen ýylyň degişli döwründäkiden bir orun ýokary galdy. Sekizinji orunda Jacquemus brendi ýerleşdi, ondan soňra Moncle hem-de Gucci nysak öýleri gelýär.

Sanawa Valentino, Skims, Burberry, New Balance, Louis Vuitton, The Row, Alaia, JW Anderson, Dolce & Gabbana we Couch moda öýleri düşdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
Ispaniýa ýene howply tebigy hadysalara taýýarlanýar
Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Daşary ýurt metbugatyna syn
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda